Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler

  • 15.09.2025 10:34
  • 5.9k+

Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar.

"Tropiki tokaýlaryň ýerleşýän çäginde derman öndürmek üçin ulanylýan köp sanly derman ösümlikleriniň ösýändigini köpden bäri bilýäris. Biziň geçiren seljermämiz, bu tokaýlaryň özleriniň ýangyn bilen baglanyşykly köp sanly öýken kesellerine we gan aýlanyş kesellerine, şeýle hem gyzzyrma, Çagas keseli we rikettioz ýaly köp ýokançlyklara päsgelçilik bolup durýandygyny görkezýär" - diýip, IUCN-iň tokaýlary we öri meýdanlaryny öwrenmek programmasynyň utgaşdyryjysy Paula Prist mälim etdi.

Barlag Amazon ýurtlarynyň sekizisinde 2001–2019-njy ýyllaryň dowamynda daşky gurşawy goraýyş  we saglyk gulluklaryndan alnan maglumatlary öz içine aldy. Bu döwürde 28,4 milliondan gowrak näsag ýokançlyklar hem-de dowamly dem alyş we ýürek-damar keselleri boýunça kömek sorady. Deňeşdirme seljermesi tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagynyň we ýangynlaryň ýüz tutmalaryň sanynyň köpelmegine getirendigini görkezdi.
Aýratynam Boliwiýa zyýan çekdi, Amazon sebitleriniň 30% töweregi ýangynyň we agaçlaryň bikanun çapylmagynyň täsirine sezewar boldy, bu görkeziji Braziliýada 15% töweregi boldy. Braziliýa Amazonynda öýkeniň dowamly keselleri sebäpli hassahanalara ýüz tutanlar 38%, ýürek-damar keselleri boýunça ýüz tutmalar 27% boldy, gyzzyrma we beýleki ýokanç keseller öň tokaýlaryň 40%-den gowragyny öz içine alýan etraplarda has ýygy duş gelýärdi.
Alymlar tokaýlary goramak we dikeltmek boýunça çäreleriň güýçlendirilmeginiň, şeýle hem "indeý topraklarynyň" kanuny statusyny giňeltmek boýunça çäreleriň her ýyl dem alyş we ýürek-damar keseller bilen bagly 15 milliona çenli ýagdaýyň öňüni alyp biljekdigine ynanýarlar.


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......