«Mehanika» sürmek demensiýa garşy göreşde peýdaly bolup çykdy

  • 27.05.2026 10:15
  • 6.7k+

Mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglary sürmeklik ýaşuly sürüjilerde ýaş bilen bagly kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligini azaldyp biler. Tohoku uniwersitetiniň professory Rýuta Kawasimanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar şeýle netijä geldiler.

«BestCarWeb» neşiriniň barlaglara salgylanyp habar bermegine görä, muftany (ssepleniýe) özbaşdak dolandyrmak we tizlikleri saýlamak awtomatik transmissiýaly awtoulaglar bilen deňeşdireniňde, has çylşyrymly kognitiw baglanyşyklary emele getirýär. Alymlar ýol ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň we hereketleri utgaşdyrmagyň zerurlygynyň beýniniň öňki maňlaý gabygyny işjeňleşdirýändigini belleýärler.

Getirilen statistika laýyklykda, Ýaponiýadaky 75 ýaşdan uly sürüjileriň arasynda manýowr wagtyndaky ýalňyşlyklar we gaz bilen tormoz pedallaryny gatyşdyrmak ýagdaýlary bu ýaş toparyndaky ölümli ýol-ulag hadysalarynyň takmynan 6%-ini düzýär. 75 ýaşdan kiçi sürüjilerde bu görkeziji 0,7% töweregi bahalandyrylýar.

Belläp geçmeli ýagdaý, häzirki wagtda Ýaponiýada mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglar täze ulaglaryň satuwynyň bary-ýogy 1-2%-ini eýeleýär.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......