Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

  • 29.05.2026 23:28
  • 2.8k+

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan maliýeleşdirilip başlanar.

Bu barada ýurduň saglygy goraýyş ministri Stefani Risteniň sözlerine salgylanýan Le Monde neşiri habar berýär.

​Şeýlelikde degişli kesel babatda lukmançylyk görkezmeleri bolan Fransiýanyň raýatlary uly isleg bildirilýän bu dermanlary dolulygyna döwletiň hasabyna satyn alyp bilerler.

​Täze karar «Wegovy» we «Mounjaro» ýaly dünýä belli dermanlary öz içine alar.

​Ätiýaçlandyryş arkaly puly yzyna almak hukugyndan goşmaça keselleri bolmadyk, şol bir wagtda aýdyň ýüze çykan semizlikden ejir çekýän näsaglar, şeýle hem semizligiň agyr görnüşi bolan we munuň ýany bilen beýleki dowamly keselleri hem ýüze çykan raýatlar peýdalanyp bilerler.

​Saglygy goraýyş ministri Stefani Ristiň aýtmagyna görä, bu başlangyç milli saglyk ätiýaçlandyryş ulgamyndan her ýyl takmynan 100 million ýewro möçberinde serişde talap eder.

​Ministrligiň ýolbaşçysy bu çözgüdiň sebit üçin ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi we şeýle diýdi:

— Fransiýa mätäç näsaglara adaty lukmançylyk kömeginiň çäklerinde we hemişelik ýagdaýda derman çykdajylarynyň öwezini dolmagy hödürlejek Ýewropa Bileleşigindäki ilkinji ýurt bolar.

​Şunlukda, görkezilen möhletden başlap, aşa semizlige garşy bejergi resmi taýdan Fransiýanyň meýilleşdirilen lukmançylyk ulgamyna doly birleşdiriler.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......