Alymlar depressiýany anyklamak üçin oýun işläp düzdüler

  • 26.05.2026 07:09
  • 3.2k+

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň alymlary depressiýany sanlyja minutda anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter oýnuny işläp düzdüler. Medical Press neşiriniň ýazmagyna görä, oýnuň takyklygy kliniki anyklaýyş usullary bilen deňdir.

Bu işlenip düzülen oýun angedoniýany — adamyň öňküler ýaly hezil edip bilmän, höwesiniň gaçmak ýagdaýyny öwrenmäge esaslanýar. Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, bu alamat depressiw bozulmasy bolan näsaglaryň takmynan 70%-inde duş gelýär.

Oýny smartfon arkaly uzakdan oýnap bolýar.

Goşundynyň işini 120 adamda barladylar: olaryň 70-si sagdyn gatnaşyjylar, 50-si bolsa depressiýa kesel kesgidi goýlan näsaglardyr. Oýnuň barşynda gatnaşyjylara wirtual agaçlardan gaçýan almalary ýygnamak teklip edildi. Wagtyň geçmegi bilen miweleriň sany azaldy. Şunda oýunçy islendik wagt has köp miweli täze agaja geçip bilýärdi.

Alymlar oýunçylaryň haçan agaç çalşandygyny hasaba aldylar. Sagdyn gatnaşyjylar hasyl ýygnamagy takmynan bäş alma galýança dowam etdiren bolsalar, depressiýaly näsaglar köplenç has ir — sekiz ýa-da dokuz alma galanda ýygnamagy bes edipdirler.

«Biziň bu oýnumyz depressiýaly näsaglaryň beýnisinde nämeleriň bolup geçýändigi barada açar berýär. Bu bolsa, arteriýa gan basyşyny ölçemek arkaly ýürek-damar kesellerini anyklaýşymyz ýaly, depressiýany hem şeýle ygtybarly anyklamaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris» — diýip, Nýu-Ýork uniwersitetiniň Grossman Medisina mekdebiniň Transslýasion neýroylymlar institutynyň direktory Pol Glimçer belledi.

Barlagçylar bu oýnuň angedoniýa bilen baglanyşykly depressiýanyň görnüşlerini uzakdan anyklamak üçin ulanylyp bilinjegini çaklaýarlar.


şu gün 12:32
2.3k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......