ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

  • 28.05.2026 19:35
  • 7.4k+

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp habar berdi.

​Neşiriň maglumatyna görä, Keniýada ýörite merkez döretmek göz öňünde tutulýar. Ol ýerde wirus ýokan hassalar bilen bir hatarda, olar bilen galtaşykda bolan adamlar hem ýerleşdiriler. Waşington şeýle usul bilen hassalananlaryň ABŞ-nyň çäklerine dolanyp gelmek we wirusy ýaýratmak töwekgelçiligini azaltmagy maksat edinýär.

​Mundan öň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz raýatlaryny daşary ýurtlarda bejertmek tejribesinden peýdalanypdy. Şonda wirus ýokan bir lukman Germaniýa iberildi, soňra bolsa ýene-de alty sany amerikan raýaty bejergi almak üçin Germaniýa we Çehiýa äkidildi.

​Keseliň ýaýramagy netijesinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola bilen bagly hadysalary adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. BSGG-niň maglumatlarynda bu ýurtlarda takmynan 221 adamyň wirusyň pidasy bolandygy bellenilýär.


15.06.2026 12:32
5.5k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......