Alymlar ertirki kofe üçin iň gowy wagty aýdyp, ony ýekelikde içmegi maslahat berdi

  • 17.08.2025 23:41
  • 10k+

Kofe üçin iň gowy wagt oýananyňdan soň 2,5 sagatdan soň bolup, ony iň gowusy ýekelikde içmeli. Şeýle teklibi ýewropaly alymlar öňe sürýär. Olar kofe içmegiň wagtynyň we şertleriniň içgiden alynýan lezzete nähili täsir edýändigini öwrendi.

Ylmy gözlegiň netijeleri Scientific Reports žurnalynda neşir edildi.
Tejribä 18 – 29 ýaş aralygyndaky 236 adam gatnaşdy. Olar 2 – 4 hepdäniň içinde kofe içip, ýörite anketada öz duýgularyny bellik etdi.
Netijede, ertirki kofeniň oýananyňdan soň göni däl-de, 2,5 sagatdan soň içilende has lezzetli bolýandygy anyklandy. Üstesine-de, gatnaşyjylar kofeni köplük bolup däl-de, ýekelikde içenlerinde has ýiti duýgulary başdan geçirdi. Aýratynam, içgi ýadawlygy duýan adamlara has gowy täsir etdi.


17.06.2026 11:37
4.5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:21
3.3k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......