Barlag adamyň ýaşaýan ýeriniň onuň bedeniniň garramagyna edýän täsirini görkezdi

  • 22.05.2026 21:18
  • 6.2k+

Halkara alymlar topary adamyň ýaşaýan ýeriniň onuň biologik ýaşyna we molekulýar profiline täsir edýändigini anyklady. Bu barada Cell ylmy žurnalynda çap edilen makalada habar berilýär.

Bu arlaga Aziýada, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada ýaşaýan ýewropaly, gündogar aziýaly we günorta aziýaly 322 sagdyn meýletinçi gatnaşdy. Alymlar genleriň, beloklaryň, metabolitleriň, içege mikroflorasynyň we beýleki molekulýar görkezijileriň bir wagtda seljerilmegine mümkinçilik berýän köpugurly usuly ulandylar.

Seljerme, adamyň nirede ýaşýandygyna garamazdan, etniki gelip çykyşynyň durnukly molekulýar yzy saklaýandygyny görkezdi. Günorta Aziýa gelip çykyşly gatnaşyjylarda patogenlere garşy antitelolaryň derejesi ýokary, ýewropa gelip çykyşly adamlarda bolsa içege mikroflorasy has dürli we ýürek-damar keselleri bilen baglanyşykly metabolitleriň derejesi ýokary boldy.

Şeýle hem, alymlar adamyň ýaşaýan ýeri bilen onuň biologiki taýdan garrama tizliginiň arasynda baglanyşyk tapdylar. Aziýanyň çäginden daşarda ýaşaýan gündogar aziýalylar biologiki taýdan öz ýurtlaryndaky deň-duşlaryndan uludylar. Ýewropalylaryň arasynda bolsa tersine meýle syn edildi: Ýewropadan daşarda ýaşaýan gatnaşyjylar biologiki taýdan ýaş görünýärdi.

Barlagyň awtorlary munuň diňe deňeşdirilen baglanyşykdygyny, subut edilen sebäp-derňew baglanyşygy däldigini belleýärler. Iýmitiň, daşky gurşawyň we mikrobiom aýratynlyklarynyň hem täsir edip biljekdigi çaklanylýar.


düýn 14:01
5.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
8.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.1k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.5k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......