Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar

  • 22.08.2025 08:21
  • 5.2k+

Sibir Ylymlar akademiýasynyň (SO RAN) Himiýa-biologiýa we fundamental lukmançylyk institutynyň hünärmenleri pnewmoniýa, meningit, sepsis döredýän we köplenç hassahanalarda giňden duş gelýän howply bakteriýany ýok edip bilýän täze wirus-bakteriofagy açdylar diýip, «Nauka v Sibiri» neşiri habar berýär.

Bakteriofaglar — bakteriýalary ýok edýän wiruslardyr. Täze fag öýjükleriň galyň polisaharid kapsulasyny — ýagny antibakterial dermanlaryň içine girmegine päsgelçilik döredýän galkan örtügi döwýär. Goragsyz galan bakteriýa ejiz bolýar, şonuň üçin bakteriofaglar antibiotikleriň alternatiwasi ýa-da goşmaça bejeriş usuly hökmünde seredilýär.
Hünärmenler täze KlebP_265 fagyny pnewmoniýa bilen kesellän adamlardan tapdylar. Onda diňe bir howply bakteriýalar däl, eýsem şolara garşy göreşýän bakteriofaglar hem bardy.
Wirusy barlamak üçin alymlar bakteriýalary iýmitlendiriji serişde-de ösdürdiler we fagyň täsirini synladylar. Soňra synaglar ölümli dozada bakteriýa ýokuşdyrylan syçanlarda geçirildi. Wirus bakteriýa öýjükleriniň reseptorlaryny tapyp, içine girýärdi, öz DNK-syny geçirip, içinde köpelýärdi we öýjükleri ýok edýärdi.
Maglumata görä, bakteriofaglaryň özi adam üçin howply däl we bagyr arkaly bedenden çykarylýar. Synaglaryň netijesinde, fag ulanman bejerilen topardaky ähli haýwanlar öldi, fag bilen bejerilen toparda bolsa 100% syçan diri galdy.
Häzirki wagtda alymlar kliniki barlaglardan geçmäge we dermanyň hasaba alynmagyna taýýarlyk görýärler.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......