ABŞ-da öýkeniň ownuk däl öýjükli rak keseli üçin täze derman serişdesi tassyklandy

  • 14.08.2025 16:46
  • 3.2k+

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) Boehringer Ingelheim kompaniýasynyň öň bejergi alan hassalarda ownuk däl öýjükli rak keselini bejermek üçin niýetlenen Hernexeos dermanyny tassyklady diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Derman keseliň ownuk däl öýjükli görnüşinden we çişiň belli bir genetiki mutasiýasyndan ejir çekýän näsaglar üçin niýetlenendir.
FDA-nyň karary himiki bejergini alan näsaglaryň takmynan 75%-iniň, Hernexeos alandan soň, düwnük keseliniň alamatlarynyň doly ýitip gitmegini ýa-da çişiň ep-esli gaýtmagyny gazanan kliniki synagyň netijelerine esaslanýar.
Bu derman adaty bejergileriň hemmesini alyp gutaran, güýjeýän öýken rakly näsaglar üçin täze bejeriş usulyny üpjün eder. FDA-nyň tassyklamagy Hernexeos-yň ABŞ-da kliniki tejribede ulanylmagyna ýol açýar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......