Alymlar Gentington keseliniň ösüşini 75% haýallatmagy başardylar

  • 29.09.2025 14:51
  • 2k+

Londonyň Uniwersitet Kollejiniň alymlary (UCLH) Gentington keseline garşy göreşde ilkinji ynamly netijeler barada habar berdiler. AMT-130 derman serişdesi bilen geçirilen synaglar bejerip bolmaýan bu keseliň ösmegini haýallatmagy başardy.

UCLH-niň Gentington keselini bejermek merkeziniň maglumatyna görä, uniQure kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan genetiki terapiýa üstünlikli synagdan geçirildi. AMT-130-y kabul eden hassalarda keseliň ösüşi bejerilmedik hassalara garanyňda 75% haýallady. Bu Gentington keseli boýunça kliniki barlagda statistik taýdan möhüm netijäni gazanmak boýunça ilkinji ýagdaýdyr.
Derman howpsuz wirus wektorynyň üsti bilen DNK molekulasyny beýnä eltmek arkaly işleýär. Ol striatum diýilýän aň bölegine düşüp, ol ýerde RNA önümçiligini başlaýar, şeýlelik bilen näsaz öýjükleriň işini togtadýar we olary ýok edýär. Striatum hereketi dolandyrýan we Gentington keseliň täsirine iň açyk ýerleriň biridir.
Taslamanyň ýolbaşçysy, professor Sara Tabrizi, bejerginiň hassalaryň gündelik işjeňligini has uzak wagtlap saklamaga kömek edip biljekdigini belledi. UCLH-nyň baş barlagçysy Ed Wild AMT-130-nyň Gentington keseliniň ösmegini haýallatmak üçin ilkinji tassyklanan derman bolup biljekdigini aýtdy.
Gentington keseli — aşa seýrek dörän, neslegeçiji nerw ulgamynyň keseli bolup, beýniň öýjüklerini ýok edýär. Adatça ol 30–50 ýaş aralygynda ýüze çykýar we 10–13 ýyl dowam edýär. Esasy alamatlary: erk edip bolmaýan hereketler, koordinasiýanyň ýitmegi we kognitiw bozulmalar.


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......