Tramp derman önümlerine 250%-e çenli gümrük pajyny girizmegi meýilleşdirýär

  • 07.08.2025 11:50
  • 7.3k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýarym geçirijileriň we farmasewtika önümleriniň importyna amerikan paçlarynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ştatlara getirilýän derman serişdeleri üçin meýilleşdirilýän paçlar ahyrky netijede 250%-e ýetip biler.

“Ilkibaşda biz farmasewtika üçin uly bolmadyk paç girizeris, ýöne bir ýyldan – aňry gitse bir ýarym ýyldan – ol 150%-e, soňra 250%-e çenli ýokarlanar, sebäbi biz derman serişdeleriniň öz ýurdumyzda öndürilmegini isleýäris” – diýip, Tramp CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de, Ak tamyň başlygy tiz wagtdan ýarym geçirijileriň we çipleriň importy üçin gümrük paçlaryny yglan etmekçidigini belledi.
Aprel aýynda Trampyň administrasiýasy farmasewtika önümleriniň importynyň milli howpsuzlyga ýetirýän täsiri barada 232-nji bölümiň çäklerinde derňew işlerine başlady. Bu mehanizm Söwda ministrligine ýurt üçin töwekgelçiliklere baha bermäge we zerur bolan ýagdaýynda çäklendirmeleri girizmäge mümkinçilik berýär.
Bilermenler Trampyň kompaniýalaryň derman önümçiligini ABŞ-a geçirmegini gazanmak isleýändigini belleýär. Soňky onýyllyklarda derman serişdeleriniň içerki önümçiligi ep-esli peseldi.
Şunuň bilen baglylykda, Eli Lilly we Johnson & Johnson ýaly uly farmasewtika kompaniýalary eýýäm ABŞ-daky önümçilige täze maýa goýumlary yglan etdi.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler şeýle ýokary paçlaryň çykdajylary artdyryp, üpjünçilik zynjyryna zyýan ýetirip biljekdigini we hassalar üçin dermanlaryň elýeterliligine täsir edip biljekdigini duýdurýar. Pudagyň hünärmenleriniň pikiriçe, bahalary düzgünleşdirmek syýasaty kompaniýalaryň girdejilerini çäklendirip, ylmy gözleglere maýa goýumlary togtadyp biler.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......