Mounjaro derman serişdesi 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalary bejermekde netijeliligini görkezdi

  • 20.09.2025 06:33
  • 2.8k+

Eli Lilly kompaniýasynyň Mounjaro derman serişdesi (tirzepatid) 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalarda we ýetginjeklerde netijeliligini görkezdi. Ol synaga gatnaşanlara ganyň düzümindäki şekeriň gözegçiligini gowulaşdyrmaga we beden agramynyň indeksini (BAI) azaltmaga kömek etdi diýip, Reuters habar berýär.

Ylmy gözlegiň netijeleri Wenadaky süýji keselini öwrenmek boýunça Ýewropa assosiasiýasynda hödürlendi we The Lancet žurnalynda neşir edildi.
Ylmy gözlege 10-17 ýaşly 99 hassa gatnaşdy. Olar üç topara bölündi: bir topara hepdede bir gezek derman serişdesinden 5 mg, beýlekisine 10 mg, ýene bir topara bolsa plasebo berildi. 30 hepdeden derman serişdesini kabul eden çagalaryň 79%-inde HbA1c derejesi 6,5%-den aşak düşdi, ýarysyndan gowragy bolsa kadaly görkezijä ýetdi (5,7%-den aşak). Plasebo alan toparda şeýle görkezijilere, degişlilikde, diňe 29%-i we 14%-i ýetdi.
Munuň bilen birlikde derman serişdesi bedeniň agramyny azaltmaga kömek etdi: BAI 5 mg dozada 7,4% we 10 mg-de 11,2% azaldy, plasebo toparynda üýtgeşmeler 0,4% boldy. Täsir bir ýyl gözegçiligiň dowamynda saklandy.
Kompaniýa derman serişdesiniň çagalar üçin howpsuzdygyny, goşmaça täsirleriň bolsa ýeňil ýa-da aramdygyny we aşgazan-içege ýollary bilen baglanyşyklydygyny belledi. Maglumatlar Mounjaro-nyň görkezmelerini giňeltmek üçin eýýäm düzgünleşdiriji edaralara iberildi.


düýn 23:28
1.8k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
6.6k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

27.05.2026 10:15
6.2k+

«Mehanika» sürmek demensiýa garşy göreşde peýdaly bolup çykdy

Mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglary sürmeklik ýaşuly sürüjilerde ýaş bilen bagly kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligini azaldyp biler. Tohoku uniwersitetiniň professory Rýuta Kawasimanyň ýolbaşçylygyndaky......

26.05.2026 07:09
3k+

Alymlar depressiýany anyklamak üçin oýun işläp düzdüler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň alymlary depressiýany sanlyja minutda anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter oýnuny işläp düzdüler. Medical Press neşiriniň ýazmagyna görä, oýnuň......