Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

  • 28.08.2025 06:44
  • 8.5k+

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär.

Alymlar häzire çenli genetiki taýdan üýtgedilen doňuzlaryň öýkeniniň adama bir gezek hem oturdylmandygyny, şonuň üçin ylmy edebiýatda immun ulgamynyň reaksiýasy we güýçli bitişmezlik töwekgelçiligi barada maglumatlaryň ýokdugyny belledi. Olara organyň işe we ýaşaýşa ukyplylygyny 216 sagat saklamak başartdy.
Operasiýa üýtgedilen gen bilen doňuzlary döretmäge ýöriteleşen Guançžou lukmançylyk uniwersitetinden professor He Szýansin ýolbaşçylyk etdi. Doňuz organy laýyk geler ýaly, alymlar immun jogabyny döredýän antigenleri aýryp, “özüniňki-kesekidigini” kesgitlemäge jogap berýän beloklar bilen adam genlerini goşdy. Munuň üçin CRISPR/Cas9 tehnologiýasy ulanyldy.
Öýken insultdan soň kliniki ölüm halynda bolan 39 ýaşly erkek adama oturdyldy. Proseduranyň aýratynlygy öýkeniň howa we mikroorganizmler bilen hemişe gatnaşykdadygy we munuň hem immuniteti işjeňleşdirýändigi bilen baglanyşyklydy. Ýöne genetiki üýtgeşmeler operasiýadan soň birbada güýçli bitişmezlikden gaçmaga mümkinçilik berdi.
Operasiýadan üç günden soň lukmanlar doňuz dokumalaryna garşy antibedenjikleri, çiş alamatlaryny we immun jogaby sebäpli bolup biljek zeper ýetmeleri ýüze çykardy. Ylmy gözlegçiler bitişmezligiň doly öňüni almak üçin DNK-nyň howpsuzlygynyň üstünde işlemegiň zerurdygyny belledi.
Ksenotransplantasiýa uzak wagtlap immun jogabynyň reaksiýasy sebäpli mümkin bolmandy. Öňegidişlik 2010-njy ýyllaryň başynda CRISPR/Cas9 tehnologiýasynyň peýda bolmagy bilen gazanyldy. 2022-nji ýylda amerikan lukmanlary ilkinji gezek doňuz ýüregini bir hassa oturtdy, ol hem operasiýadan iki aýdan soň duýdansyz aradan çykdy, bu bolsa bitişmezligiň öňüni alyş usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny görkezdi.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......