Rak keselini bejermegiň iki täze usuly onkologiýa çemeleşmäni düýpli  özgertmegi wada berýär

  • 11.09.2025 21:25
  • 13k+

Onkologiýada iki täze çemeleşme rak keseliniň bejergisini ep-esli üýtgäp biler. Olar barada The Financial Times gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Birinjisi - radioaktiw izotoplary göni çişlere eltmäge mümkinçilik berýän, Şweýsariýanyň Novartis kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen radioligand bejergisidir. Derman infuziýa görnüşinde damardan goýberilýär: radioaktiw izotoplar rak öýjüklerine baglanýan ligand molekulalaryna birikdirilýär we radiasiýanyň maksatly hereketini üpjün edýär.
Kompaniýa bejerginiň dürli tapgyrlarda synagdan geçilýändigini we ony beýleki bejeriş usullary bilen sazlaşdyrmagyň mümkinçiliginiň öwrenilýändigini belleýär. Radioligand, sagdyn dokuma zeper ýetirmezden, diňe çiş öýjüklerine täsir edýär. Bejerginiň köpçülikleýin ulanylmagy radioaktiw materialy alandan soň, dermanlary çalt öndürmegiň zerurdygy, radiasiýa goragly hassahanalaryň mukdarynyň çäklidigi we galyndylary saklamagyň kynçylyklary sebäpli çylşyrymlaşýar. Novartis bu usulyň giňden ulanylmagy üçin doly infrastrukturany döretmeklige 10-15 ýyl gerek boljakdygyny çaklaýar.
Ikinji barlag Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň Kek lukmançylyk mekdebiniň alymlary tarapyndan geçirildi. Olar IL-23 immun belogyny petiklemek HPV sanjymyny bar bolan çişlere garşy täsirli edýändigini görkezdi. Bu çişiň töwereginde jemlenýän we bedeniň rak keseline, esasanam, WPÇ bilen baglanyşykly çişlere garşy göreşýän T öýjüklerini işjeňleşdirýär.
Munuň bilen ugurdaşlykda Nemes rak keselini öwreniş merkeziniň we Geýdelberg uniwersitetiniň barlagçylary kremniniň nanobölejiklerine esaslanýan bejeriş sanjymyny işläp taýýarlaýarlar. Ol rak öýjüklerine hüjüm etmäge ukyply sitotoksiki T öýjüklerini işjeňleşdirýär.
Radioligand bejergisi we WPÇ garşy sanjymlar onkologiýa kesellerini maksatly bejermegiň geljegini açýar we dürli çişleriň bejergisine çemeleşmäni üýtgedip biler.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......