The Lancet: Dünýäde tas 1,2 milliard adam psihiki bozulmalardan ejir çekýär

  • 23.05.2026 21:04
  • 2.1k+

Dünýäde diagnoz goýlan psihiki bozulmalaryň sany 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 95,5% artdy, şeýle ýagdaýlaryň umumy sany bolsa 1,17 milliarda ýetdi. Bu maglumatlar «The Lancet» atly abraýly lukmançylyk žurnalynda neşir edildi.

Ylmy barlag dünýäniň, takmynan, 200 ýurdunyň we sebitiniň maglumatlaryny öz içine alyp, psihiki bozulmalaryň 12 görnüşini seljerdi. Awtorlaryň baha bermegine görä, 2023-nji ýylda bu keseliň ýaýraýyş görkezijisi her 100 müň adama 14,2 müň ýagdaý boldy, bu bolsa 1990-njy ýyldaky derejeden 24,2% ýokarydyr.

Keselleme görkezijisiniň ösüşi öwrenilen ähli kategoriýalar boýunça hasaba alyndy. Iň göze ilýän ösüş howsala bozulmalary, kliniki depressiýa, distimiýa, anoreksiýa, nerw bulimiýasy, şizofreniýa we özüňi alyp baryş bozulmalary boýunça hasaba alyndy.

2023-nji ýylda psihiki keseller DALY (Disability-Adjusted Life Years) görkezijisi boýunça dünýäde altynjy orny eýeledi. 1990-njy ýylda bolsa olar 12-nji orundady. Bu ugurda iň uly jebir howsala bozulmalary, kliniki depressiýa we şizofreniýa bilen baglanyşyklydyr.

Ylmy işiň awtorlary psihiki bozulmalaryň erkeklere garanyňda aýallarda has köp ýüze çykarylýandygyny belledi. Keseliň ýüze çykarylmagynyň iň ýokary derejesi bolsa 15-den 19 ýaşa çenli bolan ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda hasaba alyndy.

Makalada, esasanam, girdejisi pes we ortaça bolan ýurtlarda, psihiki bozulmalary ir ýüze çykarmak we bejermek ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygy aýratyn nygtalýar.

«Şeýle hem, ähli öwrenilen sebitlerde jyns we ýaş aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, ir ýüze çykarmak we bejermek arkaly keselleriň zulumyny azaltmak üçin bize has inklýuziw we utgaşykly syýasat zerur» – diýlip, makalada bellenilýär.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....