Arheologlar Şotlandiýada altyndan ýasalan iň gadymy diş protezleriniň birini tapdylar

  • 23.05.2026 10:34
  • 2.1k+

Aberdin uniwersitetiniň alymlary Şotlandiýada altyn simden ýasalan seýrek diş protezini tapdylar. Çaklamalara görä, bu protez baryp XVI asyrda ulanylypdyr. Bu tapyndy Aberdindäki Keramatly Nikolaýyň buthanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy.

Barlagçylar orta ýaşly bir adamyň aşaky äňinde öňdäki dişleri birleşdirýän altyn simi tapdylar. Radiouglerod seljermesi bu adamyň 1460-njy we 1670-nji ýyllar aralygynda ýaşandygyny görkezdi.

Ol adamyň dişleri bilen baglanyşykly çynlakaý meseleleri bolupdyr: onda köp sanly kariýes we uly diş daşlary anyklandy. Tapyndynyň esasy aýratynlygy bolsa inçejik altyn simdir. Bu sim dişleri berkidip saklapdyr we düşen dişiň ýerindäki boşlugy ýapypdyr.

Seljermeler bu garyndynyň takmynan 82%-iniň altyndan, 10%-iniň bolsa kümüşden ybaratdygyny ýüze çykardy. Simiň işleniş yzlary, onuň giçki Orta asyrlarda zergärleriň ulanan gurallary bilen ýasalandygyny subut edýär.

Alymlar bu proteziň öleninden soň däl-de, eýsem adamyň ýaşap ýörkä uzak wagtlap ulanandygyny hem anykladylar. Muňa dişleriň üstündäki sürtülme yzlary şaýatlyk edýär.

Barlagyň awtorlarynyň çaklamasyna görä, protezi zergär ýasapdyr we oturdypdyr, sebäbi ol döwürde stomatolog diýen hünär heniz ýok eken. Adamyň buthananyň içinde jaýlanmagy bolsa, onuň ýokary gatlaga degişli bolandygyny aňladyp biler.

Barlagçylar bu proteziň diňe bir amaly däl, eýsem estetiki ähmiýetiniň hem bolandygyny belleýärler. Sebäbi giçki Orta asyrlarda öňdäki dişiň ýoklugy pes durmuş we ahlak derejesiniň alamaty hökmünde kabul edilipdir.

Gözlegleriň netijeleri British Dental Journal neşirinde beýan edildi.


09.06.2026 23:14
6.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....