Alymlar hapa suwlarda düwnük dörediji wiruslary tapdylar: indi olary yzarlamak kyn bolmaz

  • 24.05.2026 23:22
  • 3k+

Beýlor lukmançylyk kollejiniň we Tehas uniwersitetiniň alymlary taryhda ilkinji gezek şäherleriň hapa suwlarynyň içinde adamlarda howply çişleriň döremegine sebäp bolýan esasy wiruslaryň hemmesini birden anyklamagy başardylar. Hasabat Applied and Environmental Microbiology ylmy žurnalynda çap edildi.

Alymlar 2022-nji ýylyň maý aýyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli Tehasyň 16 şäherindäki 40-dan gowrak desgadan hapa suw nusgalaryny ýygnadylar. Barlag üçin bir wagtda 3 müňden gowrak adam wirusyny tapmaga ukyby bolan ýörite genetiki barlag tehnologiýasy ulanyldy.

Molekulýar wirusologiýa we mikrobiologiýa professory Antoni Marello dünýä boýunça doreýän her bäşinji rak keseline hut şu onkogen wiruslaryň sebäp bolýandygy we olaryň adamyň bedeninde onlarça ýyllap hiç hili alamat görkezmän ýaşap bilýändigi üçin bu barlagy örän ähmiýetli hasaplaýar. Adamlar özleriniň keselländigini diňe çiş döränden soň bilip galýarlar. Bu bolsa keseliň öňüni ir almagy kynlaşdyrýar.

Barlaglaryň netijesinde hapa suwlarda aşakdaky howply wiruslar anyklandy:

  • Adam papilloma wirusy (WPh);
  • Gepatit B we C wiruslary;
  • Epşteýn – Barr wirusy;

Poliomawiruslar we Kapoşi sarkomasy bilen bagly bolan gerpeswirus.

Alymlar aýratyn hem 2024-nji ýyldan soň käbir howply wiruslaryň (meselem, WPh-nyň käbir görnüşleriniň we Epşteýn – Barr wirusynyň) suwdaky mukdarynyň köpelendigini hasaba aldylar.

Suwda meşhur «Gardasil 9» waksinasynyň goraýan WPh wirusynyň jemi 9 görnüşi hem tapyldy. Alymlaryň pikiriçe, hapa suwlary yzygiderli barlamak arkaly geljekde şäherlerde geçirilýän sanjym çäreleriniň nähili netije berýändigini-de aňsatlyk bilen bilip bolar.

–Biziň geçiren gözleglerimiz çişleriň ösmegi bilen bagly bolan wiruslary hapa suwlar arkaly yzarlap boljakdygyny görkezýär. Bu bolsa şol wiruslar bilen ilatyň arasyndaky özara arabaglanyşyga has gowy düşünmäge hem-de jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda has täsirli maksatnamalary işläp düzmäge täze mümkinçilikleri açýar – diýip, Maresso sözüni jemleýär.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....