Nemes professorlary Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine baryp, olaryň işine baha berdiler

  • 07.10.2025 06:30
  • 8.1k+

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň professor-lukmanlary Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ýerli hünärmenler bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar. Olar paýtagtymyzdaky we Arkadag şäherindäki saglyk merkezlerinde bolup, bilelikde näsaglaryň saglygyny bejermek işlerine gatnaşýarlar.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Augsburg uniwersitet klinikasynyň fizioterapewt-reabilitolog hünärmeni Elwira Weber hem-de bu ýurduň Ulm uniwersitet klinikasynyň fizioterapewt-reabilitolog hünärmeni Stewen Reinbold Aşgabadyň 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde türkmen kärdeşleri bilen näsaglara bellenilýän dikeldiş bejergileriniň meýilnamasyny işläp düzmek, daýanç-hereket kesellerini bejermek ugrunda bilelikde iş alyp barýarlar.
Saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Germaniýanyň Haýdelberg uniwersitet klinikasynyň we Gamburg uniwersitet klinikasynyň transplantolog we nefrolog lukmanlary Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda bolup, ýerli lukmanlar bilen bilelikde böwrek transplantasiýasy operasiýasyny amala aşyrdylar. Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler döwrebap şäheriň «Tiz kömek» merkezinde bolup, bu ýerde işleriň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdylar we özleriniň tejribelerini paýlaşdylar.
Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň Dogabitdi ýürek hirurgiýasy we çaga ýürek hirurgiýasy hassahanasynyň professor-lukmanlary paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde ýerli lukmanlar bilen bilelikde ýüreginde ýetmezçilik bolan çagalara dürli operasiýalary geçirýärler. Myhmanlar şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde-de bolup, bu ýerde çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma bölüminiň işi bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de merkeziň lukmanlary bilen tejribelerini paýlaşdylar.

— Biz Aşgabada ýylda iki gezek iş sapary bilen gelýäris. Her gezek, adatça, bir hepdäniň dowamynda ýerli lukmanlar bilen 12 töweregi çaga operasiýa bejergilerini geçirýäris. Şular ýaly döwrebap, ähli mümkinçilikleri bolan hassahanada türkmen kärdeşlerimiz bilen tejribämi paýlaşýandygyma we operasiýalara gatnaşyp, adamlara kömek edýändigime örän şatdyryn — diýip, Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň Dogabitdi ýürek hirurgiýasy we çaga ýürek hirurgiýasy hassahanasynyň müdiri, baş lukman, professor Jürgen Hörer aýtdy.

Germaniýaly lukmanlar ýurdumyzyň saglyk merkezlerinde işleriň ýola goýluşy we alnyp barlyşy bilen ýakyndan tanşyp, ýerli lukmanlaryň hünär derejesine ýokary baha berdiler.


düýn 07:25
4.4k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.6k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.3k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.6k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......