Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler

  • 26.09.2025 11:21
  • 3.5k+

Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde 3 sany iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar - Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty.

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Döwlet Baştutany
 halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......