Dag howasynyň öýkünmesi syçanlarda Parkinson keseliniň ösüşini haýallatdy

  • 11.08.2025 15:56
  • 3.5k+

ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň ýanyndaky Broda institutynyň alymlary Parkinson keselli syçanlarda dag howasyna meňzeýän, kislorody az bolan howanyň keseliň alamatlarynyň ösmegini haýalladýandygyny ýüze çykardylar diýip, institutyň metbugat gullugy habar berdi.

“Biz diňe bir keseliň ösmegini haýallatmak bilen çäklenmän, eýsem onuň bilen bagly käbir zeperleri hem bejermegi başardyk. Bu bolsa, öýjükler doly ölmänkä, olaryň kadaly işini dikeltmek mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär” - diýip, Garward uniwersitetiniň professory Wamsi Muta belledi.

Barlagçylar beýik daglyk ýerlerde ýaşaýanlarda keseliň haýal ösýändigine we çilim çekýänlerde onuň has seýrek duşýandygyna ünsi çekip, gipoksiýanyň (kislorod ýetmezçiligi) neýrodegeneratiw prosesleri haýalladyp biljekdigini çak etdiler.
Synag wagtynda Parkinson keseliniň alamaty bolan syçanlaryň bir topary adaty howada, beýlekileri bolsa 4800 metr belentlikdäki dag howasyna deň bolan 11% kislorodly gurşawda ýaşady. Üç aýdan soň, adaty howada ýaşaýanlarda agyr hereket bozulmalary we köp sanly neýron öýjükleriniň ölmegi ýüze çykdy. Dag howasyna meňzeýän şertlerde ýaşaýanlarda, zäherli beloklaryň emele gelmegi dowam eden hem bolsa, bu alamatlar ösmedi diýen ýaly.
Neýrofiziologlaryň pikirine görä, Parkinson keselinde neýronlar artykmaç kislorody gaýtadan işläp bilmeýär, bu bolsa öýjüklere oksidant zeperini ýetirýär we olaryň ölmegine sebäp bolýar. Bu keseliň ösmegini haýalladyp biljek gipoksiýa öýkünýän derman serişdelerini işläp taýýarlamagyň geljegini açýar.


şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......