Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

  • 19.05.2026 23:41
  • 10k+

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda amerikaly Maks Hollouëý bilen tutluşar.

Agşamyň ikinji möhüm söweşinde 31 ýaşly britaniýaly Peddi Pimblett fransiýaly Benua Sen-Denä garşy çykar.

Makgregor bilen Holloweýiň arasyndaky söweş ýarym orta agramda (77 kg çenli) bolar. Bu Maks Hollouëý üçin bu agram derejesindäki ilkinji çykyşydyr.

Konor Makgregor we Maks Holloweý mundan 13 ýyl ozal, ýagny 2013-nji ýylda hem duşuşypdylar. Şonda Makgregor eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazanypdy.

Makgregor soňky söweşini 2021-nji ýylyň tomsunda Dastin Porýe garşy geçiripdi we aýagyndan alan şikesi sebäpli ýeňlipdi.

Holloweý bolsa şu ýylyň mart aýynda, UFC 326 ýaryşynda Çarlz Oliweýradan eminleriň karary bilen ýeňildi.

Peddi Pimblett vs Benua Sen-Deni

Peddi Pimblett UFC-niň ýeňil agramda wagtlaýyn tituly üçin öňki dalaşgär. Hasabynda 23 ýeňiş we 4 ýeňliş bar. Şu ýylyň ýanwar aýynda ol Jastin Getjiden ýeňlipdi.

Benua Sen-Deniniň hasabynda 17 ýeňiş we 3 ýeňliş bar (bir söweşi geçmedik diýlip hasap edildi). Sen-Deni şu wagt yzly-yzyna 4 ýeňişli seriýany dowam etdirýär, munuň içine ýanwar aýynda Den Hukerden gazanan ýeňşi hem girýär.


26.06.2026 23:43
9.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......