Astronomlar 118 ekzoplanetanyň bardygyny tassykladylar, olaryň käbiriniň bir ýyly 24 sagat dowam edýär

  • 22.05.2026 15:43
  • 3.7k+

Worwik uniwersitetiniň astronomlary 118 ekzoplanetanyň bardygyny tassykladylar, olaryň käbiri öz ýyldyzynyň daşyndan 24 sagada ýetmän aýlanyp çykýar.

Netijeler Gün ulgamyndan daşardaky planetalary gözlemek üçin asmany skanirleýän kosmos teleskopy bolan Transiting Exoplanet Survey Satellite-iň (TESS) maglumatlaryny seljeren RAVEN emeli aň algoritmi arkaly alyndy.

Habar berlişine görä, RAVEN diňe belli obýektleri tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem 31 täze ekzoplanetany hem anyklady. Mundan başga-da, ol 2000-den gowrak potensial dalaşgäri tapdy, olaryň 1000-e golaýy öň hiç haçan anyklanmadykdy.

Bu barlag TESS-iň işiniň ilkinji dört ýylynda 2,2 milliondan gowrak ýyldyzyň gözegçilikleriniň seljermesine esaslanýar. Teleskop ýyldyzyň öňünden planeta geçende, onuň ýagtylygynda ýüze çykýan inçe üýtgeşmeleri bellige alýar.

Alymlar öz ýyldyzlaryna örän ýakyn ýerleşýän we 16 günden az wagtyň içinde aýlanyp çykýan planetalara ünsi jemlediler. Olaryň arasynda örän gysga döwürli — bir günden az — bolan jisimler tapawutlanýar.

"Gyzgyn neptunlaryň çöli" diýlip atlandyrylýan ýere — ýyldyzyň golaýyndaky sebite — aýratyn üns berildi, bu ýerde şeýle planetalar örän seýrek duş gelýär. Barlagda Güne meňzeş ýyldyzlaryň takmynan 0,08% -inde olaryň bardygy anyklandy.

"Ilkinji gezek biz bu “çölüň” nä derejede boşdugyny takyk kesgitläp bilýäris" diýip, barlagyň ýolbaşçysy Kaýmin Suý aýtdy.

Şeýle hem, bir ýyldyzyň töwereginde aýlanýan birnäçe planetalary bolan ulgamlar anyklanyldy.

Işläp düzüjileriň sözlerine görä, RAVEN signalyň anyklanmagyndan başlap, onuň tassyklanmagyna çenli maglumatlary işläp bilýär we bu bolsa seljermäniň takyklygyny ýokarlandyrýar. Güne meňzeş ýyldyzlaryň takmynan 9–10% -iniň golaýynda planetalaryň bardygy anyklandy.

“RAVEN bize ägirt uly maglumat toplumyny yzygiderli we obýektiw usulda seljermäge mümkinçilik berýär... şeýle hem planetalaryň dürli görnüşleriniň ýaýrawyny kartalaşdyrmak üçin ýeterlik derejede ygtybarly maglumat toplumydyr” - diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Dewid Armstrong nygtady.


düýn 08:39
852

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......