Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar

  • 02.09.2025 14:47
  • 5.7k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri S.Lisowenko we D.Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça gözleg işlerini geçirdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Ösümlik bölekleriniň himiki düzümini öwrenenden soň, arçanyñ gabygyndan we miwelerinden alnan efir ýagyny ulanmak bilen taýýarlanan melhemiň dermanlyk aýratynlyklary, «Türkmenderman Ajanta Pharma Limited» türkmen-hindi kärhanasynyň farmakologlary bilen bilelikde derňeldi. Alymlar efir ýaglarynyň esasynda taýýarlanylan 1, 3 we 5 göterimli melhemleriň ýaralary bejermekde, şol sanda gözüň retinasyndaky ýanyk şikeslerini bejermekde, ýaralaryň çalt bitmegine we arassalanmagyna kömek edýändigi anykladylar. Şeýle-de, beýleki melhemlerden tapawutlylykda, arça melheminiň derä hiç hili zyýanly täsiri ýokdur.
Arça agajy örän haýal ösýär, doýgun şepbikli birleşmeleri esasynda dykyz agaçlary emele getirip zyýanly mör-möjeklere we ösümlik kesel döredijilerine garşy durnuklydyr. Onuň iňňe ýaly ýapraklarynda fitonsidler we uçýan efir ýaglar bardyr. Ösümligiň ýokary bölegi rahatlandyryjy wannalary, damarlara kompress etmek, şireli dermanlary we ysly ýaglaryň taýýarlanylmagy üçin fitomaterial hökmünde tanalýar. Türkmen arçasyna şypaly häsiýeti berýän efir ýaglarynyň düzüminde spirtler, terpenler we kislotalar ýaly köp sanly işjeň maddalar bar. Gadym döwürde onuň agaçlary guýularyň içki diwarlaryny gurmak üçin ulanylýardy. Şeýlelik-de suw hapalanmaýardy we tohumuň antibakterial aýratynlyklary sebäpli guýy köp ýyllap hyzmat edýärdi. Arçanyň şahalary öý üçin antiseptik we tebigy ys beriji hökmünde ajaýypdyr: onuň çybyk ýapraklary uzak wagtlap ysyny saklaýar we mikrofloranyň ösmegine garşy hereket edýär.
Arçanyň baldaklary, miweleri we çybyk ýapraklary lukmançylygynda tebigy antibakterial, antiseptik we wirusa garşy serişde taýýarlamakda ulanylypdy. Onuň goza-miweleri buşukdyryjy we üsgülewüge garşy serişdeler hökmünde ulanylýar, arçadan taýýarlanan balzam bolsa ýaralary bejermekde peýdalanylýar. Ylmy edebiýatlara görä, ösümligiň efir ýagy aşgazan-içege ulgamynyň nemli bardalaryna täsir edip, içegä oňaýly täsir edip ýeňil sürgi täsiri bar, bronh mäzleriniň sekresiýasyny güýçlendirýär. Ösümligiň gabygynyň düzüminde 0,73–0,87 göterim aralygynda efir ýaglary bolup, olaryň düzümine α-pinen, limonen, kadinen, kedrol ýaly komponentler bolup biler.
Alymlaryň nygtaýşy ýaly, olaryň öňünde tebigy ösümligiň dermanlyk mümkinçiliklerini kesgitlemek we onuň esasynda derman serişdeleriniň görnüşlerini döretmek we giňeltmek wezipesi durýardy. Şunuň bilen baglylykda, taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin tebigy arçadan däl-de, eýsem, ony ösdürilip ýetişdirilmelidigi bellenildi, sebäbi Türkmenistanyň arçasy ýurduň Gyzyl kitabyna girizilendir. Munuň özi bolsa, dermanlyk çig mallary almak üçin batga ýerlerde senagat maksatly agaç nahallarynyň ösdürilmegi arkaly diňe bir täze milli önüm öndürmegiň mümkinçiliklerini açman, eýsem dag etek ýerleriniň tokaýlaşdyrylmagyna hem goşant goşar.
Arçanyň agaçlygy – berk, durnukly we uzak ömürlidir. Bu bolsa ony köp asyrlaryň dowamynda gurluşyk materialy we esasy ýangyç hökmünde peýdalanmaga sebäp bolupdyr (ol sazak ýaly ýokary ýylylyk berýän agaç bolup, ýylylyk berijiligi boýunça daş kömüre deňelýär. Şonuň üçin Beýik Ýüpek ýoly döwründe arça bilen sazak kömürleri gymmatly haryt bolup hasaplanýardy). Arça küýzegärçilik önümçiliginde ýangyç hökmünde ulanyldy: onuň 1000 gradusa çenli temperaturada gyzmagy we tüssesiz ýanmagy, ýakma üçin örän gymmatlydy.


10.03.2026 19:18
7k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.6k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...