ABŞ-da ýaş bilen bagly gözüň kütelişmegini gowulandyrmak üçin niýetlenen göz damjasy tassyklandy

  • 12.08.2025 17:18
  • 8.5k+

ABŞ-da ýaşyň ulalmagy bilen bagly ýüze çykýan presbiopiýa - golaýdaky obýektleri dury görüp bilmezlik näsazlygyny gowulandyrmak üçin aseklidine esaslanýan VIZZ göz damjalaryny tassyklandy. Bu derman Lenz derman öndüriji kompaniýa tarapyndan işlenip düzüldi diýip, Popular Science habar berýär.

Şeýle-de bolsa, bir ärden gaýtma bar: derman äýneksiz ýa-da kontakt linzasyz  diňe 10 sagada çenli dury görmäge kömek edýär.
Presbiopiýa 45 ýaşdan uly adamlaryň köpüsine täsir edýän umumy ýagdaýdyr. Ol hrustaljygyň çeýeliginiň peselmegi we fokusy uzak aralykdan golaýa üýtgetmegiň kynlygy bilen baglanyşyklydyr. 2015-nji ýyldaky ýagdaýa görä, 1,8 milliard adam bu bozulmadan ejir çekdi. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli bu san 2,1 milliarda çenli artar.
Şu wagta çenli muny düzetmek okamak üçin äýnekleriň ýa-da köpugurly linzalaryň ulanylmagyny öz içine alýar. Ýaş bilen baglanyşykly golaýdan dury görmezligi düzetmek üçin ilkinji damjalar 2021-nji ýylda peýda boldy, ýöne olar uzak aralykdan görüşiň wagtlaýyn ýaramazlaşmagy ýaly zyýanly täsirleri döretdi.
VIZZ başga bir ýörelgä esaslanyp işleýär - "myopiki süýşmegiň" täsirinden gaça durmaga kömek edýän, kirpik myşsasyna täsir etmezden, göreji emaý bilen daraldýar. Bu mehanizm kameranyň diafragmasyny ýapmak bilen deňeşdirilýär: şeýlelik bilen şekil golaýdan durulaşyp, uzakdaky zatlar hem bulaşman görünýär.
Derman serişdesiniň howpsuzlygy we netijeliligi ýüzlerçe meýletinçiniň gatnaşmagynda geçirilen üç sany randomizirlenen gözegçilikdäki barlagda tassyk boldy. Umuman alanyňda, gatnaşyjylaryň arasynda 30 000 günden gowrak synag geçirildi we bu döwürde ýekeje-de çynlakaý ýaramaz täsir tapylmady.
Işläp düzüjiniň berýän maglumatyna görä, VIZZ 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykarylar. Synaglaryň netijeleri boýunça ylmy neşirleriň biraz soňrak çap bolmagyna garaşylýar.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....