Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi

  • 13.08.2025 15:51
  • 3.9k+

12-nji awgustda Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň üçünji maslahaty geçirildi.

Bu komitet bu ugurda utgaşdyrmak, aragatnaşyk gurmak we bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Maslahatyň dowamynda Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Daşky gurşawy goramak ministrliginiň milli utgaşdyryjylarynyň hasabatlary diňlenildi.
Çärede oba hojalygynda mallaryň saglygyny goramak ugrunda gazanylan ösüşler, zoonoz keselleriniň öňüni almak boýunça üstünlikler, halkara standartlaryny ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça edilen işler beýan edildi.
Komitetiň maksatlarynyň we wezipeleriniň arasynda utgaşdyryş, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk mehanizmlerini döretmek, çäreleriň monitoringi we bahalandyrma ulgamyny ýola goýmak, «Bitewi saglyk» uguryndaky döwlet syýasatyny taýýarlamaga ýardam etmek, şeýle hem adamlaryň, haýwanlaryň we ekoulgamyň saglygyny goramak boýunça dürli töwekgelçiliklere taýýarlygy we meýilleşdirmegi göz öňünde tutmak bar.


şu gün 16:45
403

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....