Kanadada guş dümewiniň ýaýramak howpy sebäpli 400 düýeguşy ýok ediler

  • 26.08.2025 13:40
  • 5.6k+

Kanadada federal şikaýat kazyýeti Britan Kolumbiýasyndaky Universal Ostrich Farms fermasynda 400 düýeguşy ýok etmek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu çäre guş dümewiniň ýaýramak howpy bilen baglanyşykly diýip, The Washington Post habar berýär.

Ferma eýeleri Karen Espersen we Deýw Bilinski 2024-nji ýylyň dekabrynda hojalykda ilkinji kesel ýagdaýy ýüze çykarylandan bäri bu çözgüde garşy çykýar. Şol wagt 36 günüň dowamynda 69 guş öldi, bu hem umumy baş sanyň, takmynan, 15%-i boldy. Olaryň ikisi guş dümewi üçin barlagdan geçirildi we analiz položitel boldy. Şondan soň Kanadanyň azyk önümleriniň hiline gözegçilik edarasy galan düýeguşlary ýok etmek barada buýruk çykardy.
Ferma eýeleri garşy çykyp, guşlaryň wirusa garşy tebigy immunitetiniň bolup biljekdigini öňe sürdi. Düýeguşlary goramak kampaniýasyna ABŞ-nyň saglygy goraýyş ministri Robert Kennedi-kiçi we belli lukmançylyk tele-şüweleňini alypbaryjy Mehmet Oz hem goşuldy. Hususan-da, Kennedi-kiçi guşlary ýok etmän, olary ylmy gözlegler we oba hojalygyny ösdürmek üçin ulanmak teklibi bilen Kanadanyň häkimiýetlerine ýüz tutdy.
Ahyrky netijede kazyýet Universal Ostrich Farms-yň arzasyny ret etdi we ýok etmek baradaky çözgüt güýjünde galdy.

“Biziň kesellere garşy göreş çärelerimiz ilatyň we haýwanlaryň saglygyny goramaga, şeýle-de 6,8 mlrd dollarlyk guşçulyk senagatymyza ýetýän täsiri azaltmaga gönükdirilendir” – diýip, Kanadanyň azyk önümleriniň hiline gözegçilik edarasynda bellenildi.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....