ABŞ-da düzgünleşdiriji dowamly öýken keselini bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady

  • 18.08.2025 10:02
  • 2.5k+

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň hiline we derman serişdelerine gözegilik müdirligi (FDA) Insmed kompaniýasynyň mukowissidozsyz bronhoektazlary bejermek üçin niýetlenen Brinsupri dermanyny tassyklady. Bu dowamly öýken keseli dem alyş ýollarynyň öwezini dolup bolmajak zeperlenmesi, dowamly üsgülewük we nemiň  artykmaç bölünip çykmagy bilen utgaşýar diýip, Reuters ýazýar.

Amerikan öýken birleşiginiň habaryna görä, diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özünde bu keselden ejir çekýän adamlaryň sany 350 000 - 500 000 aralygynda üýtgeýär.
Brinsupri ABŞ-da bu kesel bilen kesellänler üçin ilkinji bejergi boldy. Derman ak gan öýjüklerindäki käbir çişme fermentlerini petikleýär, olaryň aşa hereket etmeginiň we öýkene zeper ýetmeginiň öňüni alýar. Ozal bejergiler antibiotikleri, hirurgiýany ýa-da dem alyş ýollaryny arassalaýjy enjamlary ulanmak arkaly keseliň alamatlaryna gözegçilik etmek bilen çäklenýärdi.
FDA-nyň tassyklamasy 1721 hassanyň gatnaşmagynda giçki kliniki synaglaryň netijelerine esaslanýar. Brinsupri dowamly üsgülewigi hem öz içine almak bilen, dem alyş alamatlarynyň ýygylygyny ep-esli azaltdy. 10 mg we 25 mg dozalaryň howpsuzdygy anyklandy we ýylda 88 000 dollar bahadan başlap elýeter bolar.
TD Cowen-iň seljerijileriniň çaklamasyna görä, 2031-nji ýyla çenli ABŞ-da derman serişdesiniň satuwy 3,7 milliard dollara ýetip biler. Şol bir wagtyň özünde AstraZeneca-nyň benralizumab bejergisi we Zambo-nyň CMS I-neb ingalýasiýa antibiotiki ýaly, bäsdeş işläp taýýarlamalar hem bar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......