Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi

  • 22.08.2025 15:19
  • 5.9k+

Seçenow uniwersitetiniň hünärmenleri probiotiklerden we prebiotiklerden düzülen çeýnelýän sakgyç döretdiler. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze önüme «Reteriks» diýlip at berildi. Onuň maksady – kariýesiň, gingiwitiň we beýleki stomatologik keselleriň töwekgelçiligini azaltmakdyr.

«Diş lukmançylygy, farmasiýa we menejment ugrundan okaýan talyplaryň köpugurly topary ylmy-amaly tejribe çäginde innowasion çeýnelýän sakgyjy – “Reteriksi” döretdi. Onuň özboluşlylygy - düzüminde probiotikler we prebiotikler bar. Bu önüm diňe bir agyz boşlugynyň gündelik idegi üçin däl, eýsem, mikrobal deňagramlylygy kadalaşdyrmak arkaly stomatologik kesellerden netijeli goramak üçin hem niýetlenendir» diýip, metbugat gullugynda bellenildi.
«Birek-biregi tanamaýan adamlar bary-ýogy 10 sapakda diňe bir özboluşly önümleriň konsepsiýasyny taýýarlap, olary esaslandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary Seçenow uniwersitetiniň Farmasiýa institutynyň tejribehana önümçiliginde öz elleri bilen döretdiler. Muny olar diňe biziň konstruktiv tankydymyza daýanyp, özbaşdak amala aşyrdylar» diýip, E.W.Borowskiý adyndaky Stomatologiýa institutynyň direktorynyň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Anna Turkina talyplar bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Önümi döretmek birnäçe tapgyrdan geçdi: ingredientler hakykatda agramlanyp, garyldy, soňra massa ýörite galyplarda basylyp sakgyç görnüşine getirildi, taýýarlanan sakgyçlar gaplanyp, tagamlary boýunça tertiplendi. Awtorlaryň bellemegine görä, talyplar sakgyjyň ýumşak dokumasy we meşhur brendleriň önümlerine deňeçer gelýän hil derejesini gazanmaga çalşypdyrlar.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......