Aşgabatda oktýabrda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

  • 13.09.2025 16:39
  • 2.9k+

10–12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

Çäreleriň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär.
Maslahat türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar. Onuň barşynda 20 seksiýa meýilleşdirilip, dürli ugurlary öz içine alar.
Lukmançylyk bölüminde şu ugurlar boýunça çykyşlar bolar: aşgazan-içege keselleri, kardiologiýa we kardiohirurgiýa, onkologiýa, oftalmologiýa, ýokanç keseller, ene-çaga saglygy, hirurgiýa, epidemiologiýa we jemgyýetçilik saglygy, sanly we genom lukmançylygy, pnewmologiýa we allergologiýa, sport lukmançylygy.
Bilim we ylym boýunça bölümçelerde: okatmagyň innowasion tehnologiýalary, durnukly ösüşiň faktory hökmünde sanly ykdysadyýet, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, tebigy we takyk ylymlar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Sport bölüminde bolsa sport ulgamyndaky innowasiýalar, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk, olimpiýa pelsepesi we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek bilen bagly mowzuklar beýan ediler.
Maslahata gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler:
Telefon: (+99312) 44-84-09
E-mail: met.int.department@gmail.com, nie.turkmenistan@gmail.com

Giňişleýin maglumatlary education.gov.tm saýtyndan alyp bilersiňiz.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......