Neuralink 2026-njy ýylda ilkinji gezek kör hassa çip goýar

  • 09.09.2025 09:47
  • 3.5k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask 2026-njy ýylda Neuralink kompaniýasynyň kör hassa görüş implantatyny goýmak boýunça ilkinji operasiýany geçirjekdigini aýtdy. Maskyň sözlerine görä, çip görşi bölekleýin dikelder.

Neuralink birnäçe ýyl bäri görşi dikeltmek üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen Blindsight programmasynyň üstünde işleýär. Emma kompaniýa ozal taslamanyň haçan amala aşyryljakdygy barada belli bir möhlet bellemändi.
Mundan başga-da, Neuralink pikiriň güýji bilen syçan ýa-da klawiatura ýaly daşarky enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýän neýrokompýuter interfeýslerini işläp taýýarlaýar. Ilkinji şeýle çipler näsaglara 2024-nji ýylda goýlupdy.
Bloomberg-iň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2031-nji ýyla çenli mikroçipleri, takmynan, 20 000 adama goýmagy göz öňünde tutýar.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

20.05.2026 22:45
2.1k+

Apple-iň EA tehnologiýalary maýyplyk arabasyny gözüň bilen dolandyrmaga mümkinçilik berer

Apple kompaniýasy öz önümlerinde elýeterlilik funksiýalarynyň has kämilleşendigini mälim etdi. Kompaniýa mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirmäge we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge......

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.6k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......