Apple-iň EA tehnologiýalary maýyplyk arabasyny gözüň bilen dolandyrmaga mümkinçilik berer

  • 20.05.2026 22:45
  • 2.1k+

Apple kompaniýasy öz önümlerinde elýeterlilik funksiýalarynyň has kämilleşendigini mälim etdi. Kompaniýa mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirmäge we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döretjek Apple Intelligence emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrýar.

Iň esasy täzelik — elektrik togy bilen işleýän maýyplyk arabalarynyň eýeleri üçin Vision Pro garniturasynyň kömegi bilen arabany diňe bakyş arkaly dolandyrmak mümkinçiligi boldy. Şeýle-de, VoiceOver, Lupa, ses arkaly dolandyryş we okaýyş režimi ýaly gural taslamalary has-da kämilleşdirilip, has düşnükli we netijeli ýagdaýa getirildi.

VoiceOver we Lupa gurallary emeli aňyň binýadynda işleýän Image Explorer funksiýasyna eýe boldy, ol suratlaryň, resminamalaryň we daş-töweregiň jikme-jik beýanyny taýýarlap berýär.

Live Recognition ulgamynyň täzelenmegi netijesinde ulanyjylar iPhone-daky Action düwmesi arkaly kameranyň obýektiwinde nämeleriň bardygy barada sorag berip biler. Ses arkaly dolandyryş ulgamy bolsa indi takyk jümleleriň deregine adaty janly dili tanap başlar, bu bolsa Apple Maps ýaly goşundylary aňsat dolandyrmaga kömek eder.

Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen «Okaýyş režimi» jedweller we birnäçe sütünleri bolan çylşyrymly ylmy makalalary işlemegi, şeýle hem tekstleriň gysgaça synlaryny we wideo üçin EA subtitrlerini döretmegi öwrendi.

Maýyplyk arabalaryny nazaryň bilen dolandyrmak ulgamy ilkinji tapgyrda ABŞ-da Tolt we LUCI ulgamlary bilen bilelikde işe giriziler.

Apple elýeterlilik ulgamyndaky ýene birnäçe goşmaça gowulandyrmalary sanap geçdi:

  • Awtomobildäki hereketleri tanamak funksiýasy («Vehicle Motion Cues») visionOS ulgamynda peýda bolar — ol ýolagçylarda ýürekbulanmany azaltmaga kömek eder.
  • Made for iPhone eşidiş enjamlary gajetler bilen has ygtybarly biriger we Apple enjamlarynyň arasynda çalt geçişi üpjün eder.
  • tvOS ulgamynda göreji pes bolan ulanyjylar üçin ulaldylan tekst goldawy peýda bolar.
  • Atlary tanamak funksiýasy (Name Recognition) indi dünýäniň 50-den gowrak dilinde işlär.
  • Ulanyjylar oýun prosesini şahsy sazlamak üçin Sony Access kontrollerlerini iOS, iPadOS we macOS enjamlaryna birikdirip we utgaşdyryp biler.

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....