Gözüň torly perdesiniň barlagy Alsgeýmer keselini alamatlary ýüze çykmazdan on ýyl öň anyklap biler

  • 03.09.2025 12:21
  • 3.1k+

Jekson barlaghanasynyň alymlary retinanyň gan damarlarynyň üýtgemeginiň Alsgeýmer keseliniň irki alamaty bolup biljekdigini anykladylar.

Alymlar işiň dowamynda adamlaryň, takmynan, 40%-de duş gelýän we keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýan MTHFR 677C> T genetiki mutasiýaly syçanlary öwrendiler. Eýýäm alty aýlyk bolýançalar bu haýwanlarda retinanyň damarlarynyň häsiýetli ösüş bozulmalary peýda boldy: şahalara bölünmesi azaldylandan soň, olar towlandy, inçeldi.
Bu barlaglara ýolbaşçylyk eden neýrobiolog Alaýna Regan retinanyň merkezi nerw ulgamynyň bir bölegidigini we beýni ikisiniň dokumasynyň birmeňzeşdigini düşündirdi. Şonuň üçin retinadaky üýtgeşmeler beýnide bolup geçýän prosesleri görkezip biler.
Barlagçylar syçanlaryň retinasyndaky näsazlyklar bilen syçanlaryň beýnisindäki üýtgeşmeleriň arasynda arabaglanyşyk tapdylar: beýni bardasyndaky damarlaryň sanynyň azalmagy we beýnide gan aýlanyşygynyň azalmagy meseläniň ulgamlaýyndygyny görkezýär.
Erkek syçanlar bilen ene syçanlaryň arasynda hem tapawutlar tapyldy: ene syçanlarda damar üýtgemeleri has aýdyň görünýär we 12 aýyň içinde gan damarlarynyň gürlügi we şahalanmasy azaldy. Bu BSGG-niň demensiýanyň, köplenç, aýal-gyzlarda ösýändigi baradaky maglumatlaryna gabat gelýär.
Häzir alymlar Men ştatyndaky Northern Light Acadia hassahanasynyň lukmanlary bilen şeýle üýtgeşmeleriň agzalan mutasiýaly adamlarda bolup geçýärmi-dälmi anyklamak üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Eger baglanyşyk tassyk bolsa, oftalmologlar akyl bozulmalary ýüze çykmazdan on ýyl öň töwekgel toparlary kesgitläp bilerler.
Alaýna Reýganyň sözlerine görä, 50 ýaşdan geçen köp adam her ýyl gözüni barlagdan geçirýär. Eger damarlarynda üýtgeşme tapylsa, lukmanlar keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykmazdan ozal beýnide bolup biljek netijeleri azaltmak üçin degişli çäreleri görüp bilerler.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......