Ýapon şäheri ýaşaýjylaryny smartfon ulanylyşyny günde iki sagat bilen çäklendirmäge çagyrdy

  • 04.09.2025 11:59
  • 4.2k+

Ýaponiýanyň Toýoake şäheriniň häkimligi onlaýn garaşlylyga garşy göreşiň çäklerinde ýaşaýjylary smartfon ulanylyşyny günde iki sagada çenli çäklendirmäge çagyrdy. Bu barada The Guardian habar berýär.

Şäher häkimi Masafumi Koki bu çäräniň fiziki we psihiki saglyk meselelerine getirip biljek, şeýle-de ukyny bozup bilýän gurluşlaryň aşa köp ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini düşündirdi.
Görkezmeler eýýäm şu oktýabrda güýje girip biler. Iki sagatlyk çägiň bozulandygy üçin jerime göz öňünde tutulmaýar – şeýle teklip meýletin häsiýetli bolup, çagalara we uly adamlara gönükdirilýär.
Şeýle-de, taslama başlangyç synp okuwçylaryna (alty ýaşdan 12 ýaşa çenli) we kiçi ýaşly çagalara agşam sagat dokuzdan soň smartfonlary we planşetleri ulanmazlygy, ýetginjeklere we ululara bolsa agşam sagat ondan soň enjamlary gözüň düşüp duran ýerinden aýyrmagy maslahat berýär.
Bu başlangyç sosial ulgamlarda oňyn däl garaýyşlara getirdi. Käbir ulanyjylar muny şahsy erkinligiň bozulmagy diýip hasaplady, beýlekiler bolsa ony ýerine ýetirmegiň mümkin däldigini belledi. X ulanyjylarynyň biri şeýle ýazdy: “Men bu teklibe düşünýärin, ýöne iki sagatlyk çäk mümkin däl”. Beýlekisi belledi: “Iki sagat hatda kitap okamak ýa-da filme tomaşa etmek üçin (smartfonda) hem ýeterlik däl”.
Toýoakede 69 müň adam ýaşaýar. Ýerli KHBS-iň maglumatlaryna görä, bu başlangyç yglan edilenden soň, şäher häkimligine 83 jaň we 44 elektron hat gelip gowuşdy, olaryň 80%-i diýen ýaly bu pikiri tankytlady.
Häkim teklibiň maksadynyň maşgalalara smartfona näçe wagt sarp edýändigini we bu gurluşlaryň günüň haýsy wagtynda ulanylýandygyny ara alyp maslahatlaşmaga kömek etmekden ybaratdygyny belledi. Häkimiýetler taslamanyň smartfonlaryň aşa köp ulanylmagy netijesinde çagalaryň mekdebe barmazlygyna ýa-da maşgala bilen geçirýän wagtyňy azaltmagyňa sebäp bolýan özüňi alyp baryş meselelerini çözmäge gönükdirilendigini belleýär.


10.05.2026 12:50
5k+

Owadan beden baradaky motiwasiýa beräýmeli postlar näme üçin tersine sustuňy basýar

Motiwasiýa beriji fitnes-kontente gysga wagtlyk seretmek hem adamyň özüni başgalar bilen deňeşdirmegini güýçlendirip, sagdyn däl berhiz endiklerine iterip biler. Şeýle netijäni «Health Communication»......

08.05.2026 11:49
5.4k+

Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi......

30.04.2026 18:37
1.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

28.04.2026 14:27
6.7k+

Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň......