BSGG: depressiýa we was-waslyk her ýyl dünýä ykdysadyýetine $1 trln zyýan ýetirýär

  • 04.09.2025 12:02
  • 4.5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Häzirki günde global psihiki saglyk” we “Psihiki saglygyň atlasy 2024” hasabatlaryny hödürledi. Olarda bütin dünýäde dürli psihiki bozulmalardan 1 milliarddan gowrak adamyň ejir çekýändigi aýdylýar.

Depressiýa we was-waslyk, beýlekiler bilen bir hatarda, dünýä ykdysadyýetine-de uly täsir edýär. Bu keseller her ýyl 12 milliard iş gününiň ýitmegine sebäp bolýar, bu bolsa 1 trillion dollar möçberde maliýe ýitgisine deňdir.
Şol bir wagtyň özünde, psihiki bozulmalary bolan adamlary bejermek üçin ýurtlaryň edýän çykdajylary düýpli tapawutlanýar. Gurply döwletler adam başyna 65 dollar, garyp ýurtlar bolsa 0,04 dollar töweregi sarp edýär.
Umuman alanyňda, psihiatrik kömegini maliýeleşdirmek üçin az pul bölünip aýrylýar: ortaça döwlet maliýeleşdirmesi umumy saglygy goraýyş býujetiniň 2%-ine barabar. Bu görkeziji 2017-nji ýyldan bäri üýtgänok.
BSGG ilatyň psihiki saglygyny berkitmäge uly üns bermäge çagyrýar, çünki oňa azyndan her sekizinji adam mätäç. Guramanyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus psihiki saglygy goramak gulluklarynyň ösdürilmeginiň jemgyýetçilik saglygy goraýşyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.
Zenanlara aýratyn üns bermek maslahat berilýär, çünki olar psihiki bozulmalara ýygy-ýygydan duçar bolýar.


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......