1.1k+

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi...

7.5k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşulularyny we enelerini baýramçylyk bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyny we mähriban enelerini Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagynda belleýşi ýaly, ýaşululara çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralar hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär...

4.6k+

BMW alty silindrli hereketlendirijilerini täzeledi. Olar has kuwwatly we tygşytly boldy

BMW konserni öz modellerini kem-käsleýin täzeledi. Esasy üýtgeşme goşa turbinaly üç litrlik benzin hereketlendirijileri bilen baglanyşykly boldy – olaryň kuwwaty has artdy, ýangyjyň sarp edilişi bolsa azaldy. Häzirlikçe täze hereketlendirijiler ikinji, üçünji we dördünji seriýanyň awtomobilleri üçin göz öňünde tutuldy...

7.4k+

Lexus öz LS flagman sedanynyň çäkli, ähtimal, soňky seriýasyny hödürledi

Lexus özüniň LS flagman sedany üçin çäkli Heritage Edition seriýasyny yglan etdi. Ol amerikan bazary üçin niýetlenen bolup, 1989-njy ýylda çykan modeliň birinji nesline bagyşlanýar. Jemi 250 ulag çykarylar we olar diňe ABŞ-da satylar, demirgazyk amerikan bazarynda LS-niň galan wersiýalary praýs-sanawdan aýryldy...

10k+

“Milanyň” we “Interiň” öý stadiony ýykylar

Milanyň şäher geňeşi “San-Siro” stadionynyň ýerli “Inter” we “Milan” futbol klublaryna satylmagyny tassyklady. Bu barada La Gazzetta dello Sport habar berýär. Çözgüt 30-njy sentýabra geçilen gijede bolan mejlisde kabul edildi, şertnamanyň bahasy 197 mln ýewro boldy...

12k+

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ulaglaryň hereketi dolulygyny dikeldildi

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň çatrygynyň aralygyndaky ulaglaryň hereketi doly dikeldildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berýär. Öň, bu bölek 6-njy awgustdan başlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde giň möçberli abadanlaşdyryş işleri üçin bölekleýin ýapylypdy...

4.5k+

Türkmenistan Astrahan bilen bilelikdäki ulag-logistika taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wise-premýeri M.Çakyýew Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň çäginde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy...

3.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär...

9.9k+

FIFA penalti urgusynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizmegi gözden geçirýär

FIFA 11 metrlik jerime urgusynyň düzgünlerine üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär, bu tassyklanan halatynda indiki möwsümde güýje girer diýip, Bild neşiri habar berýär. Teklip edilen üýtgeşmelere görä, eger derwezeban jerime urgusyny “nokatdan” yzyna serpikdirse, topuň nirä gaýtjakdygyna garamazdan, topy derwezäniň agzyndan urmak bellener...

2.9k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...

3.1k+

FIFA-nyň yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşy Katarda geçiriler

Katar FIFA-nyň 2025-nji ýylda geçiriljek yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşyny kabul eder. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Ýaryşyň soňky üç oýny Katarda geçer. 10-njy dekabrda "Iki Amerikanyň derbisi" geçiriler: meksikaly “Krus Asul” şu ýylky Libertadoresiň Kubogynyň ýeňijisi bilen bäsleşer...

2.6k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

8.6k+

Hytaýda takmynan 6 müň ýyl ozal ýaşalyp geçilen iň gadymy şäher harabaçylyklarynyň biri tapyldy

Sýansu welaýatynyň Usi şäherinde arheologlar Hytaýda irki taryhdan öňki ilatly ýerleriň biri bolan Maszýaban medeni harabaçylygyny tapdylar. Bu açyşyň ýaşy takmynan 6000 ýyl töweregidir diýip çak edilýär. Bu Ýanszy derýasynyň aşaky akymynda Maszýaban medeniýetine degişli şäher harabaçylygynyň ilkinji gezek ýüze çykarylyşydyr...

3.4k+

Mansory Formula 1-iň sürüjisi üçin ýörite Lamborghini Revuelto döretdi

Mansory sazlaýyş studiýasy Formula 1-däki Haas toparynyň sürüjisi Esteban Okon bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny yglan edip, fransuz sürüjisi üçin ýörite döredilen Lamborghini Revuelto-ny hödürledi. Okonyň adynyň we familiýasynyň baş harplaryny  hem-de ýaryş belgisini aňladýan, sürüjiniň goly we EO21 ýazgysy goýlan nyşanly öň ganatlary superkaryň ýekeje nusgada çykarylandygyny nygtaýar...

2.2k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar...

3k+

San-Sebastýandaky kinofestiwalyň ýeňijileri yglan edildi

Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde 73-nji halkara kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn balykgulagy” ispaniýaly režissýor Alauda Ruis de Asuanyň “Ýekşenbe günleri” (Los domingos) dramasy aldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär...