Dreýk bir gijede üç albom çykardy

  • 16.05.2026 19:21
  • 3.5k+

Amerikaly repçi Dreýk uzak wagtlap dowam eden arakesmeden soň, bir gijede birbada üç albom çykardy. «ICEMAN», «MAID OF HONOUR» we «HABIBTI» atly albomlar jemi 43 aýdymy öz içine alýar.

Relizleriň çykandygy barada «Iceman Episode 4» striminiň finalynda mälim boldy. Sazanda bu albomlary bitewi bir konsepsiýanyň bölekleri hökmünde tanyşdyrdy.

Ilkinji bolup 18 aýdymdan ybarat bolan «ICEMAN» albomy çykdy. Bu reliziň üstünde işlemäge Future, 21 Savage we Molly Santana dagy gatnaşdy. Dreýk bu albomynda aýdym-saz pudagynyň wekilleri bilen bolan gapma-garşylyklaryna üns berdi. Aýdymlaryň sözlerinde Kendrik Lamar, J. Cole, Mustard, A$AP Rocky, JAY-Z, Pusha T, Rick Ross, Pharrell, Dr. Dre we Playboi Carti ýaly aýdymçylara degip geçilýär.

Ikinji albom bolsa — «MAID OF HONOUR». Oňa kaşaň durmuş we şahsy gatnaşyklar baradaky aýdymlar girizildi. Myhman hökmünde çagyrylanlaryň arasynda Central Cee we Popcaan bar.

Üçünji albom «HABIBTI» diýlip atlandyryldy, bu bolsa arap dilinden terjime edilende «meniň söýgim» diýmegi aňladýar. Albom R&B we pop sazynyň elementleri bilen has liriki stilde taýýarlandy. Ýazgylara beýlekiler bilen bir hatarda PARTYNEXTDOOR, Qendresa we Loe Shimmy hem gatnaşdy.

Tankytçylaryň ilkinji baha bermelerine görä, «ICEMAN» albomy has şahsy häsiýete eýe bolup, Dreýk bu ýerde ýaş, maşgala we şou-biznes dünýäsi barada oýlanýar. «MAID OF HONOUR» albomy, esasan, klub stilindäki reliz, «HABIBTI» albomy bolsa üç albomyň içinde iň asuda we iň gysga göwrümlisi diýlip atlandyrylýar.

Täze albomlar bilen Aydym.com platformasynda tanşyp bilersiňiz.


04.06.2026 17:17
4.5k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.4k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 22:59
2.2k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....