Ýuwaş ummanynyň 9 müň metr çuňlugynda heniz görülmedik syrly jandaryň üstünden baryldy

  • 15.05.2026 11:10
  • 7.1k+

Awstraliýaly we ýapon alymlarynyň bilelikdäki ekspedisiýasynyň barşynda, Rýukýu çuňluklarynda 9137 metr rekord derejedäki çuňlukda häzirki wagta çenli mälim bolan jandarlar toparynyň hiç birine degişli edip bolmaýan syrly ýarym dury jandar tapyldy.

Daşky görnüşi boýunça täsin deňiz molýuskasyna meňzeýän bu üýtgeşik beden çuňlukda işleýän apparatlaryň wideokameralary bilen düşürildi. The Mirror neşiri tapyndynyň biologik ylmy klassifikasiýadaky ornunyň näbelliligi bilen, öňdebaryjy deňiz biologlaryny hem çykgynsyz ýagdaýa salandygyny habar berýär.

Ekspedisiýa iki aýa çekdi we bu wagtyň dowamynda hünärmenler Ýuwaş ummanynyň iň çuň üç suwasty jülgesini derňediler. Ak, ýarym dury göwrä Filippin deňziniň düýbünde, deňiz derejesindäki atmosfera basyşyndan müň esse ýokary bolan ekstremal basyş şertlerinde syn edildi. Gözlegçiler jandara wagtlaýynça «Animalia incerta sedis» (biologiki klassifikasiýada orny kesgitlenmedik jandar) diýen statusy berdiler.

Topar bu nämälim jandardan başga-da, 100-den gowrak dürli organizmler toparyny, şol sanda et iýýän gubkalary we çuňlukda ýaşaýan balyk görnüşlerini hasaba aldy. Ekspedisiýanyň baş ylmy işgäri professor Jeýmison çuňlukdaky jülgeleriň haýrangaldyryjy derejede janly-jandarlara baýdygyny aýdýar. Şonuň bilen birlikde, gözlegçiler ummanyň barylmasy şeýle kyn bolan ýerlerinde hem adam yzlarynyň – hapa zyňyndylaryň bardygyny gynanç bilen belleýärler.

Bu gözleg işi planetamyzyň iň az öwrenilen sebitleriniň biri bolan ultra-abissal zolagy mundan beýläk-de öwrenmek üçin daýanç nokadydyr. «Bu gözlegiň maksady, diňe bir çuňlukdaky organizmlere syn etmek bolman, eýsem, geljekde şeýle çuňluklarda geçiriljek ylmy işler üçin esas döretmekdi» diýip, professor hem aýratyn nygtaýar.


düýn 19:55
2.5k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
3.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.5k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....