BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

  • 15.05.2026 17:45
  • 4.1k+

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär.

Sipse kompaniýada 35 ýyl işledi. Onuň wezipeden gitmegi bolsa öňünden meýilleşdirilipdi. Ýolbaşçylygyň çalşyljakdygy barada kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyrynda habar berdi.

Sipseniň ornuna kompaniýanyň içinde 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýän Milan Nedelkowiç geçdi. Onuň bilen baglaşylan şertnama 2031-nji ýyla çenli hereket eder. Ozal Nedelkowiç Oksforddaky, Leýpsigdäki we Mýunhendäki zawodlarda hem ýolbaşçy wezipelerini, şeýle-de korporatiw hil bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini eýeläpdi. 

BMW-niň paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda gözegçilik geňeşiniň başlygy Nikolas Peter Sipseniň dünýädäki çökgünliklere garamazdan, kompaniýany strategik taýdan dogry ýolda saklamagy başarandygyny belledi. Kompaniýa pandemiýa, ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligine we awtomobil pudagyndaky ägirt uly özgerişlere garamazdan, girdejililigini saklady.


01.06.2026 10:57
2.9k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....