25-nji maýdan Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar

  • 16.05.2026 17:22
  • 5.6k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2026-njy ýylyň 25-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawynyň başlanjakdygyny mälim etdi. Täze ugur tomus möwsüminde raýatlaryň Hazar deňziniň kenaryna bökdençsiz barmagyny üpjün etmek maksady bilen ýola goýuldy.

Gatnawlar her gün amala aşyrylar. Awtobuslar Aşgabatdan ir sagat 06:00-da, wokzalyň golaýyndaky awtoduralgadan ugrar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan yza gaýdyşyn bolsa sagat 13:00-da Ýelkenli köçesinde ýerleşýän 266 orunlyk awtoduralgadan ýola çykar.

Petekleri Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden, Awtokombinatyň we Wokzalyň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz. Şeýle hem şäherara ugurlar üçin niýetlenen ykjam goşundydan sanly ulgam arkaly onlaýn bronlamak mümkinçiligi döredildi.

Goşmaça maglumatlar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44-35-30, 44-35-20 we +99361-49-34-95.

Habarda bellenilişi ýaly, Awaza 2026-njy ýylyň tomus möwsümine doly taýýar edildi. Bu ýerde 10 müňden gowrak syýahatçyny kabul etmäge ukyply 18 sany döwrebap myhmanhana, şeýle hem çagalaryň we maşgalalaryň dynç almagy üçin niýetlenen merkezler myhmanlary kabul etmäge garaşýar.


düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 20:02
6.9k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
4.8k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....