«Metallica» toparynyň Afinadaky konserti kiçiräk ýertitreme döretdi

  • 15.05.2026 12:04
  • 6.4k+

«Metallica» amerikan toparynyň Gresiýanyň paýtagtynda geçiren konserti mikroseýsmiki sarsgynlara sebäp boldy. Çykyş Afinanyň Olimpiýa stadionynda bolup geçdi we ol toparyň Ýewropa boýunça syýahatynyň başlangyjy boldy.

«Ekathimerini» gazetiniň Afinanyň geodinamiki institutynyň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, konserte 80 müňden gowrak adam gatnaşdy, ýene 10 müňe golaý adam bolsa meýdançanyň golaýynda ýygnandy.

Çykyş wagtynda topar elektrogitaralarda sirtaki ýerine ýetirdi — bu tans we oňa degişli saz režissýor Mihalis Kakoýannisiň «Grek Zorba» (1964) filmi üçin döredilipdi. Şeýle hem grek rok topary «Trypes-iň» meşhur «De Horas Pouthena» kompozisiýasy ýaňlandy.

Geçen ýylyň ýazynda «Metallica» toparynyň ABŞ-da geçiren konserti hem seýsmiki işjeňlik bilen utgaşypdy. Şonda «Enter Sandman» aýdymynyň giriş bölümi ýerine ýetirilen wagty 60 müňe golaý tomaşaçy işjeň böküp başlady.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......