Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

  • 16.05.2026 11:20
  • 4.1k+

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi.

Teňňäniň çykarylmagy American Innovation $1 Coin Program maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Bu maksatnamanyň maksady görnükli amerikan nowatorlaryny we olaryň ýurduň ösüşine goşan goşantlaryny sarpalamakdan ybarat. Häzirki döwrüň iň beýik wizionerleriniň biri hökmünde ykrar edilen Stiw Jobs ýokary tehnologiýalary hemme adam üçin düşnükli we elýeterli etmäge çalşypdy.

Teňňäniň arka tarapynda ol tebigatda oturan görnüşinde şekillendirilip, bu «çylşyrymly tehnologiýalary edil tebigatyň özi ýaly aňsat we adaty bir zada öwürmegi» alamatlandyrýar.

ABŞ-nyň Zikgehanasynyň direktory Pol Hollis bu teňňe arkaly edaranyň Jobsuň dünýädäki zatlaryň özara gatnaşyklaryny üýtgeden hem-de Kaliforniýanyň we bütin milletiň taryhynda möhüm orun eýelän ägirt uly işini ykrar edýändigini belledi.

Teňňäniň ýüz tarapynda (awers) bolsa «IN GOD WE TRUST» ýazgysy we hümmeti görkezmek bilen Azatlyk heýkeliniň şekili ýerleşdirilen.

Hümmetiň 1 dollar bolmagyna garamazdan, kolleksionerler üçin bölek söwda bahasy 2,5 dollar diýlip kesgitlendi. Önümi 25 sany teňňeden ybarat rulonlarda 61 dollara ýa-da 100 sany teňňeli haltalarda 154 dollara satyn alyp bolýar. Satyn almak üçin çäklendirme hem hereket edýär — bir öý hojalygyna 10 gaplamadan köp berilmeýär.


25.06.2026 14:47
4.7k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......