Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

  • 16.05.2026 11:13
  • 9.1k+

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu ekspedisiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.

Merkezi Nepalda ýerleşýän Annapurna agyr howa şertleri we garyň süýşmek howpunyň ýokarylygy sebäpli çykmak üçin dünýäniň iň çylşyrymly we howply depeleriniň biri hasaplanýar. Bu dag dünýäniň iň beýik daglarynyň arasynda onunjy orny eýeleýär we 1950-nji ýylda adam tarapyndan boýun egdirilen ilkinji sekiz müňlük hökmünde taryha girdi.

Annapurnanyň dag sebiti 16 sany alty müňlügi öz içine alýar we dünýäniň iň çuň jülgesi hasaplanýan Kali-Gandaki bilen serhetleşýär.

Bu ekspedisiýa «Morinžgeologiýa» holdinginiň toparynyň üstünlikler sanawyny has-da baýlaşdyrdy. Mundan ozal kompaniýanyň işgärleri Ewerest, K2 (Çogori), Manaslu, Akonkagua, Ama-Dablam, Kilimanjaro, Ararat, Monblan we Matterhorn ýaly belentliklere çykypdy. Alpinistler bu belentlikleriň her birinde Türkmenistanyň baýdagyny dikipdi.

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň topary Türkmenistanyň energetika pudagynda iş alyp barýar. Kompaniýa Türkmenistanyň Kanunyna we Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda, «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde «Çeleken» çäginde geofiziki we inženerçilik-geologiki işleri ýerine ýetirýär, şeýle hem «Blok-I» şertnamalaýyn meýdançada «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......