Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

  • 16.05.2026 16:22
  • 2.5k+

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin maglumat berilmedi.

Hödürlenen suratlar açyk gurluşly gulaklyklaryň (Open-Ear Clip-on) adaty däl dizaýnyny görkezýär: olar gulagyň içine salynman, eýsem gulak gabygynyň üstüne gysdyrylyp dakylýar, bu bolsa ulanyja daş-töwerekdäki sesleri hem eşitmäge mümkinçilik berýär.

Tizer suratlaryna görä, enjam ýalpyldawuk aýna örtüge, bitewi çeýe korpusa we dury ses sferasyna eýe boldy. Zarýad gaby hem şonuň ýaly stilde taýýarlandy.

Lu Weýbin täze modeliň «haýran galdyryjy» ses üpjünçiligini hödürlejekdigini mälim etdi.

«Open-Ear Clip-on» gulaklyklarynyň doly derejeli tanyşdyrylyş dabarasy gijräk, Xiaomi kompaniýasynyň beýleki täze önümleri bilen bilelikde geçiriler.


düýn 10:51
863

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......