2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

  • 16.05.2026 13:25
  • 5.5k+

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda, «Pier 62» gämi duralgasynyň golaýynda ýerleşdiriler.

Guramaçylar suw üstünde ýüzýän mini-futbol meýdançasyny we oýunlary göni ýaýlymda görkezmek üçin uly LED ekranyny gurnar. Şeýle-de, bu ýerde konsertler, interaktiw futbol çäreleri geçiriler we gastronomiýa meýdançalary guralar.

Taslama «Sietl Saunders» (Seattle Sounders FC) we «Sietl Reýn» (Seattle Reign FC) futbol klublary tarapyndan RAVE Foundation gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Taslamanyň baş hyzmatdaşy hökmünde Lenovo kompaniýasy çykyş etdi.

RAVE Foundation gaznasy Waşington ştatynyň okrug sanawy boýunça 52 sany mugt futbol meýdançasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýan RAVE 52 başlangyjyny ösdürýär.

Sietl şäheri ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyny kabul ediji şäherleriň sanawyna girýär. Ýaryşyň oýunlary, takmynan, 69 müň tomaşaça niýetlenen Lumen Field stadionynda geçiriler.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......