Syýahatçylar Kanadanyň milli seýilgählerine mugt girip bilerler

  • 16.05.2026 10:30
  • 2.9k+

Kanada 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyndan 7-nji sentýabryna çenli «Parks Canada» guramasynyň garamagyndaky milli seýilgählere, taryhy ýerlere we deňiz goraghanalaryna girmek üçin tölegleri bütinleý ýatyrýar.

Şol bir wagtyň özünde, «Parks Canada-nyň» çadyrly düşelgelerinde hem-de beýleki ýerleşiş ýerlerindäki ýurtalarda, agaç öýjüklerde, indeýleriň adaty çadyrlarynda we taryhy ýerlerdäki binalarda düşlemek isleýän syýahatçylar 25 göterim arzanlaşykly brondan peýdalanyp bilerler.

Bu maksatnama tutuş ýurt boýunça ýerleşýän ähli syýahatçylyk künjeklerine – meşhur buzly kölleri bolan «Banf» milli seýilgähinden başlap, tä «Gros-Morn» belentliklerine çenli degişlidir.

«Parks Canada» guramasynyň bellemegine görä, mugt giriş ulgamy syýahatçylara bir saparyň dowamynda birnäçe seýilgähe aýlanmaga we ýurduň içindäki syýahatçylyk çykdajylaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem, «Air Canada» awiakompaniýasy tomus möwsüminde Monreal bilen Ýewropanyň birnäçe şäherleriniň (Pariž, Berlin, Amsterdam, Brýussel, Rim we Dublin) arasynda göni gatnawlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Torontodan Barselona, Madrid, Wena, Praga we Ýewropanyň beýleki şäherlerine uçuşlar elýeterlidir.

Düzüminde 150-den gowrak köli bolan «La-Morisi» milli seýilgähi Monreal şäherine iň ýakyn tebigy künjekleriň biridir. Toronto şäheriniň golaýynda bolsa «Georgian Bay Islands», «Thousand Islands» (Müň ada) we «Point Pelee» seiýlgähleri ýerleşýär.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......