"Neýron älemi" Evidence Scientific žurnalynyň Image of the Year bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy

  • 15.05.2026 21:52
  • 2.2k+

Evidence Scientific kompaniýasy altynjy ýyllyk Image of the Year ylmy suratlar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýyl 34 ýurtdan suratçylar öz işlerini hödürlediler.

Baş baýrak beýik britaniýaly Keti Holdene “Neýron kosmosy” atly işi üçin gowşuryldy.

"Neýron kosmosy" / © Katie Holden.

Suratda induksiýa edilen pluripotent kök sütünlerinden alynýan neýrosferalar görkezilýär. Bu gurluşlar adam beýnisiniň gatlakly gurluşyny ýada salýan gurluşlary emele getirýän neýro öýjüklerinden ybaratdyr. Kompaniýanyň maglumatyna görä, neýrosferalar beýni öýjüklerini hem-de daşky gurşawyň we genetiki faktorlaryň neýronlaryň ösüşine täsirini öwrenmek üçin ulanylýar.

Şeýle hem, bäsleşikde aýry-aýry kategoriýalar we sebitler boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.

"Materiallary öwreniş ugry boýunça ýeňiji" / © Muhammad Tahir Han - ýalpyldawuk gum depelerine meňzeş lignin süýüminiň suraty;

"Sebitleýin ýeňiji" / © Gerhard Gýunter - tozan zerreli  sikoriý tohumy;

"Sebitleýin ýeňiji" / © Igor Siwanowiç - malwa çaňynyň mikroskopik suraty;

"Sebitleýin ýeňiji" / © Kentaro Motidzuki - alakanyň ýüregindäki sarkomer gurluşlar.

Tapawutlananlar:

"Jüýjäniň embrionynyň ösýän merkezi nerw ulgamynda orta çyzygy kesip geçýän komissural aksonlar" / © Aleksandr Dýumulen;

"Alsgeýmer keseliniň syçan modelindäki fluoresent reňkli beýni dokumasy" / © Bettina Rakosi;

"Uly ýaşly danio-rerio balygynyň beýnisi" / © Hanna Somers;

Bökejin möýdäki tozjagaz / © Hawýer Ruperes;

"Syçanyň embrional fibroblasty" / © Joe Makkellar.

Surat döretmek we ulanylan ýöriteleşdirilen enjamlar barada goşmaça maglumat Evident Scientific web sahypasynda çap edildi.


şu gün 00:08
2k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 18:42
2.9k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

düýn 17:17
3k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.1k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......