Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

  • 15.05.2026 15:33
  • 1.6k+

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy.

Bu täzeçillik Device Care-iň 13.8.80.7 wersiýasynda peýda boldy. Täze ulgam dürli programmalardan gelýän bildirişleri seljerýär we olaryň haýsysynyň mahabat häsiýetli ýa-da päsgel beriji bolup biljekdigini özbaşdak anyklaýar.

Eger haýsydyr bir programma push-bildirişleri aşa işjeň ugradyp başlasa, smartfon ony awtomatiki usulda "çuňňur uky" režimine geçirip bilýär. Şondan soňra bolsa şol programma ulanyja bildiriş ugratmak mümkinçiligini düýbünden ýitirýär.

Samsung bu tehnologiýanyň häzirlikçe käbir ýalňyşlyklar bilen işläp biljekdigini we käwagt peýdaly bildirişleri mahabat hökmünde kabul edip biljekdigini belleýär. Şol sebäpli ulanyjylara Device Care sazlamalary arkaly islendik programmanyň bloklanmasyny el bilen aýyrmak mümkinçiligi hem galdyryldy.

"Intelligent Blocking" funksiýasy häzirlikçe diňe One UI 8.5 täzelenmesinde işleýän enjamlarda elýeterlidir. Ony ilkinji bolup Galaxy S26, Galaxy S26+ we Galaxy S26 Ultra modelleriniň ulanyjylary peýdalanyp bilerler.

Häzirki wagtda Samsung-yň we Google-yň resmi dükanlarynda Device Care-iň öňki wersiýasy hödürlenýär. Täze toplumy eýýäm APK faýllary arkaly el bilen gurnap bolýar, emma onuň ähli ulanyjylar üçin global görnüşde doly ýaýradylmagyna ýene birnäçe hepdeden garaşylýar.


şu gün 11:01
2.3k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......