Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

  • 15.05.2026 15:40
  • 4.3k+

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň üsti bilen şahsy syýahatlar üçin awtonom kapsulalary ulanmagy göz öňünde tutýar.

Ulgam Trento şäherinde synagdan geçirilýär. RailEvo adaty otlularyň deregine dört-alty adama niýetlenen ykjam modullary ulanýar. Kapsulalar biri-birinden garaşsyz hereket edip bilýär, ýolagçylar bolsa ulagy taksi ýaly isleg boýunça çagyrmaga mümkinçilik alýar.

Taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri «dik çalşyk» tehnologiýasydyr. Bir kapsulanyň beýlekisinden ozup geçmegi üçin, ol goşmaça ýokarky relsiň we tigirleriň ýörite gurluşynyň kömegi bilen esasy relsden wagtlaýyn ýokaryk galdyrylýar. Bu bolsa modullaryň durmazdan we çylşyrymly rels çalşygy ulgamyny ulanmazdan biri-biriniň içinden geçmegine mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, kapsulalar döredilende aerodinamikanyň awiasiýa ýörelgeleri ulanyldy, bu bolsa howanyň garşylygyny we energiýa sarp edilişini azaltmaga kömek edýär. Agramy, takmynan, 1400 kilogram bolan bu ulgam adaty elektrik ulaglary bilen deňeşdireniňde has az energiýa sarp edýär.

Şeýle hem gurluşda robototehnikada ulanylýan Mecanum tigirleri peýdalanylýar. Olar kapsulanyň diňe öňe we yza däl, eýsem gapdala hem hereket etmegine mümkinçilik berýär.

Taslama inžener Federiko Bernabei tarapyndan işlenip düzüldi. RailEvo eýýäm bar bolan demirýol liniýalaryny, esasan hem, az ulanylýan bölekleri ulanmaga gönükdirilendir.

Sebitiň häkimiýetleri we Trentino Trasporti kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli bu ulgamy doly güýjünde işe girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.


düýn 10:10
4k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
7.4k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

21.06.2026 16:13
4.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...