Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

  • 16.05.2026 09:24
  • 5.4k+

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder.

Ýurduň Daşary söwda baş müdirliginiň çap eden kararyna görä, gadagançylyk çykyş sary şekere, ak şekere we gant şekerine degişlidir. Mundan ozal bu önümleriň eksporty çäklendirilen kategoriýada bolup, onuň üçin ýörite rugsatnama almady.

Resmi habarda bu çäräniň ýurduň içerki bazarynda şekeriň mukdaryny köpeltmek we dünýädäki geosyýasy ýagdaýlar hem-de inflýasiýa sebäpli bahalaryň durnuklylygyny saklamak maksady bilen amala aşyrylandygy bellenilýär.

Ýöne bu gadagançylyk ýörite şertnamalar esasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna we ABŞ-a iberilýän şekere degişli däl. Bu ýörite ulgamlar arkaly belli bir mukdardaky şekeri peseldilen ýa-da 0 (nol) göterimli gümrük pajy bilen daşary ýurda çykarmaga rugsat berilýär.

Hindistan şeker öndürmekde dünýäde Braziliýadan soň ikinji ýerde durýar. Hasaplamalarda etanol (spirt) öndürmek üçin sarp ediljek çig mal aýrylandan soň, 2025–2026-njy ýyllaryň möwsüminde ýurtda şeker öndürilişiniň 29,3 million tonna ýetjekdigi görkezilýär. Deňeşdirmek üçin, geçen möwsümde bu görkeziji 26,12 million tonna barabardy.


düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......