Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

  • 16.05.2026 09:56
  • 5.1k+

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy.

Bu gural kompaniýanyň 2019-njy ýyldan bäri Ýaponiýada ösdürip gelýän «Reon Pocket» haryt seriýasynyň dowamydyr. Indi bu täsin enjam diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem ABŞ-nyň we Ýewropanyň bazarlarynda hem satylyp başlanar. Onuň bahasy Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda takmynan 230 ýewro, Beýik Britaniýada bolsa 250 dollar töweregi bolar.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, täze enjamyň sowadyş netijeliligi öňki nesli bilen deňeşdirilende 20 göterim dagy ýokarlandyryldy. Enjamyň sowadyjy plastinkasynyň temperaturasynyň ýene 2°C aşak düşüp bilmegi, açyk howada ulananyňda has güýçli serginlik duýgusyny berýär.

Inženerler bu gezek guralyň boýna dakylýan gurnamasyny hem täzeden gözden geçirdiler. Indi ol has çeýe boldy we gyzgyn howany daşary çykarýan ulgamy sazlap bolýan görnüşe getirildi. Täze usul eşigiň aşagynda gyzgyn howanyň ýygnanmagynyň öňüni alar.

«Reon Pocket Pro Plus» goşa termomodullar we deriniň temperaturasyny ölçeýän datçikler bilen üpjün edilendir. Ulanyjylar ýörite ykjam programma arkaly özlerine gerekli temperaturany belläp bilýärler. Ol edilmedik ýagdaýynda, enjamyň awtomat tertibi daşky gurşawyň howasyna görä özi sazlanýar. Şeýle hem enjamy smartfonsyz, diňe üstündäki düwmeler arkaly hem dolandyryp bolýar.

Enjama ýerleşdirilen akkumulýator ony zarýadlandyrmasyzdan 15 sagada çenli ulanmaga mümkinçilik berýär. Onuň ýany bilen berilýän goşmaça «Reon Pocket Tag 2» sensory bolsa howanyň temperaturasyny we çyglylygyny yzygiderli yzarlap, ulgamyň has takyk işlemegini üpjün edýär.


23.06.2026 08:37
7.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......